(Bolan waka)
Wagt hasabyny aýtsam, geçen asyryň 60-njy ýyllarydy.
Bir gün, gezende adam bolan Sapa molla öýümize geldi. Onuň adyny, köplenç, «Sapa eke», «Molla eke» diýip hem tutardylar. Bu gezek molla agamyz bir agşam ýatyp gitdi. Şol arada-da kakam ikisi «dünýäniň bärisinden girip, aňrysyndan çykdylar». Bir görseň zyýarat, ýene bir görseň şerigat barada gürrüň boldy.
Meniň gulagyma ilip, ýadymda galany igdeli gürrüň boldy. Molla agamyz igdäniň bol ýerinde ýaşaýan bir çomrynyň gum içinde oturan çarwanyňka barşyny gürrüň berdi. Ýabysynyň ardyna üç gap igdäni bökderip baran adam bir öýe düşläpdir. Öý eýesi gapa gelip habarlaşman düşüberen atlyny tanamasa-da, derhal ýanyna barypdyr. Salamlaşypdyrlar. Igdeli gaplary öýüň güneý tarapynda goýubam içeri giripdirler. Öýüň ortasyndaky ojagyň başynda çaý içip başlapdyrlar.
Myhman habaryny soratman berip ugrapdyr. Alyp gelýän ýüküniň igdedigini, şony keçe-kize çalyşmak hyýalynyň bardygyny aýdypdyr. Eger hyzmatynyň şu öýden bitjegini bilse, başga adamlary görübem ýörmän, göni yzyna gitjekdigini-de duýdurypdyr. Öý eýesi ýagdaýa derrew düşünipdir. Bir düşek keçäni, iki sany ýankeçäni duldan alyp, orta goýupdyr: «Myhman inim, meniň-ä berjegim şular. Bu gezekki söwdamyz şeýle bolsun, indikä çenli ýa nesip. Senem bir hudaý diýip ýören, özümize meňzeş halys ýigit ýaly görünýäň» diýip, myhmanyň ýüzüne seredipdir. Bu gepler ikisine-de makul bolupdyr.
— Myhman, meniň adym-a Tutuş. Çarwanyň Tutuş pälwanynyň ady — diýip, öý eýesi adyny aýdypdyr. Myhmanam adynyň Esendigini aýdyp, öýüni salgy beripdir, şeýdibem gaýdypdyr.
Myhman bar wagty edep saklap ýören çagalar öýe gelip, gapdakylaryň nämedigini sorapdyrlar. Tutuşam:
— Eneňizi çagyryň, özi salyp berer. Iýilýän zat, igdäniň miwesi. Bize geldi-biziňki boldy, iýiberiň! — diýipdir. Igdäni iýmek uludan-kiçä iş bolupdyr. Şonda-da içine aş düşürip bilmändirler.
Düýnki hem-de agşamky gürrüňleriň bir ýanyny eşidip ýören ejem:
— Molla agaňdan näme öwrendiň? — diýip menden sorady. Menem igdeli gürrüňi gylyny gyşartman aýdyp berdim. Ejem: — Hi-wu, iýmesiniň ugruny tapman, ýöne, içini ýelden dolduryp oturanlar-ow — diýdi. Menem:
— Eje, başga nädip iýilýär? — diýip soradym. Ejem şonda öz gören zatlaryny aýdyp düşündirdi: «Sarygül diýen bir gelnejemiz bolupdy, şol bende, ýaz ortadan agansoň, bir işşek ýa öweç goýny daňyp, bakyp başlardy. Igde bişen günleri igdeden geregini çöpläp goýardy. Bakýan janlysy guýrugyny göterip turup bilmez ýaly bolansoňam bir hepde bakyp öldürderdi. Janlynyň kellebaşaýagyny töweregi bilen iýerdi. Guýrugyny welin gazanda gowrup, ýagyny alardy. Ýygyp goýan igdelerini soka salyp döwerdi-köwzärdi. Soňundan özüne laýyk elekden geçirerdi-elärdi, ununy alyp goýnuň guýruk ýagyna garardy. Garyndynyň tagamyny dadyp görüp, haýsyndan artdyrmaly bolsa goşardy, tagamyny sazlardy. «Boldy» bolansoň syrçaly küýzä guýubam agzyny mäkämlärdi. Ana, şeýle taýýarlanan igdäni iýen çagalaryň ýaňajygy gyzaryp, «ýaňagyndan gany damaýyn diýip dur» diýleni bolardy» diýdi.