Ideg işleri ýokary hil derejesinde
weather dashoguz 18° C Daşoguz

Ideg işleri ýokary hil derejesinde

Ykdysadyýet
21.07.2026  92

Daşoguz welaýatynyň edermen şalyçylary ekiş geçirilen 8 müň 100 gektar meýdandan 35 müň tonna şaly öndürmegi maksat edinýärler.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň şalyçylyga ýöriteleşdirilen S.A Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginde 4 müň 650 gektar meýdandan 20 müň 90 tonna, «27-nji oktýabr» daýhan birleşiginde bolsa 2 müň 850 gektar ýerden 12 müň 315 tonna şaly öndürmek göz öňünde tutulýar.

Tomus paslynyň häzirki dowam edýän günlerinde kadaly gögeriş alnan meýdanlarda ýaş ekinleri iýmitlendirmek işleri maksadalaýyk alnyp barylýar. Möhüm azyklyk ekiniň boýdan-başa suwuň içinde ösüp kemala gelýändigi üçin gün-günden ýaşyl keşbe bürenip barýan meýdanlaryň suwuny kadaly saklamak möhüm wezipe bolup durýar.

Her bir ekin bellenen möhletde ekilse, ondan alynýan hasylyň bol hem bereketli boljakdygy mälim. Munuň üçin bolsa tehnikalaryň netijeli iş alyp barmagy möhümdir. Şu ýylky ekiş möwsüminde hem dürli kysymly tehnikalaryň 60-dan gowragynyň bökdençsiz işledilendigini aýratyn bellemeli.

Şertnama baglaşan kärendeçileriň ýokary hilli tohum, mineral dökünler, tehniki hyzmatlar bilen üpjün edilendiginden, ideg işleriniň ýokary hil derejesinde geçirilýändiginden ugur alsak, şalyçy kärendeçileriň bellenen meýilnamany artygy bilen amal etjekdiklerine ynamyň artýar.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Jogapkärli möwsüme taýýarlyk
05.06.2024   318
Ykdysadyýet Hojalykda ulanylan kädiler
07.07.2025   325
Ykdysadyýet Ykdysady ulgamdaky sanly özgertmeler
12.06.2023   423
Ykdysadyýet Pudak ösüş ýolunda
19.02.2026   149
Ykdysadyýet Gowaça bejergisi ýokary depginde
10.08.2024   403
Ykdysadyýet Galla — 2026
02.07.2026   95
Ykdysadyýet Möwsüme ykjam taýýarlyk
11.04.2026   140
Ykdysadyýet Gallaçylaryň armasy ýetirilýär
23.06.2026   100
image