Şu ýylyň 7-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösmeginiň hususy ulgamyň işjeňleşmegi bilen bagly bolup durýandygyny nygtap geçdi. Şonuň bilen birlikde-de, mejlisde geçen ýyl ulgamda alnyp barlan işleriň netijesinde oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilişiniň ösüş depgininiň 110 göterime barabar bolandygy bellenildi.
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda milli ykdysadyýetiň döwlete dahylly bolmadyk böleginde gazanylýan şeýle ösüşlere, öňegidişliklere mynasyp goşant goşýan telekeçileriň, hususyýetçileriň biziň welaýatymyzda hem köpsanlysy yhlasly zähmet çekýärler. Olar hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň beýleki harytlar bilen bir hatarda, azyk önümlerine bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak, bazar bolçulygyny döretmek barada öňde goýýan wezipelerinden ugur alyp, derwaýys işleri durmuşa geçirýärler. Şeýlelikde, olaryň öndürýän ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply dürli görnüşli azyk önümlerine köpçülik tarapyndan isleg artyp, olar toý-baýramlaryň, mukaddes saçaklaryň bezegine öwrülýär.
Bu babatda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, tejribeli telekeçi Sapardurdy Orazowyň ýolbaşçylyk edýän «Parfiýa» hususy kärhanasynyň öndürýän azyk önümleriniň hem uly ornunyň bardygyny bellemek bolar. Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde hereket edýän bu hususy kärhana öz döredilen wagtyndan bäri ilata ýokary hilli söwda hyzmatyny etmek bilen birlikde, dürli görnüşli çörekleri we çörek önümlerini öndürmekde hem gowy netijeleri gazanýar. Hususy kärhananyň azyk önümçiligi bölüminiň ýolbaşçysy Nurşat Ataýewanyň aýtmagyna görä, häzirki wagtda bu ýerde tamdyr çörekleriniň 3, guradylan çörek önümleriniň 2 görnüşi, şonuň ýaly-da baton çörekler, ak kökeler öndürilýär hem-de gyzgyny bilen, täzeligine müşderilere ýetirilýär. Ilatyň bu ýerde öndürilýän önümlere isleginiň barha artmagy bölümiň işgärlerini has-da yhlasly zähmet çekmäge höweslendirýär. Gazanylýan şeýle üstünliklere bölümiň işgärlerinden Mamagül Şamyradowa, Arzygül Ilamanowa we beýlekiler uly goşant goşýarlar.
Kärhananyň öndürýän çörek we çörek önümleri onuň öz garamagyndaky dükanlarda we ýerli bazarlarda halka ýetirilýär. Olaryň tagamynyň datlydygy, görnüşiniň köpdügi hyrydarlaryň göwünlerinden turýar. Munuň şeýledigini olary almak niýeti bilen kärhananyň özüne we dükanlaryna gelýän, şonuň ýaly-da toý-märekeleri üçin sargyt edýän adamlaryň yzynyň üzülmeýändigi hem doly subut edýär. Kärhananyň azyk önümçiligini geljekde has-da giňeltmegiň meýilleşdirilýändigini bu ýerde bolanymyzda gürrüň berdiler. Şeýlelikde, kärhanada häzirki öndürilýän azyk önümlerinden başga-da, süýji-köke önümleriniň ençeme görnüşlerini, çagalar üçin şireli önümleri, şirinlikleri öndürmek göz öňünde tutulýar. Şu ugurlarda alnyp barylýan işler ýakyn ýyllarda bu hususy kärhananyň öndürýän önümleriniň görnüşleriniň, möçberleriniň has-da artyp, onuň welaýatymyzyň azyk senagatyndaky ornunyň has-da pugtalanjakdygyna şaýatlyk edýär.