Hususy kärhananyň batly gadamlary
weather dashoguz 17° C Daşoguz

Hususy kärhananyň batly gadamlary

Ykdysadyýet
13.01.2025  253

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň  Prezidentiniň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm ugurlarynyň biri bolan telekeçilik ulgamyny ösdürmek babatdaky taýsyz tagallalarynyň netijesinde döredilýän şertlerden ýerlikli peýdalanyp, ýokary talaplaryň derejesinde iş alyp barýan telekeçiler, hususy kärhanalar, hojalyk jemgyýetleri Daşoguz welaýatynda-da az däl. Olaryň hatarynda Daşoguz şäherinde hereket edýän, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Galkynan ykbal» hususy kärhanasy hem bar.

2012-nji ýylda işe girizilen bu kärhananyň önümçiligi esasan gurluşyk pudagynda peýdalanylýan serişdeleri, ýagny boýaglary, bezegleri, ýelimli garyndylary öndürmeklige gönükdirilen bolup, baş maksat olaryň häzirki döwürdäki ösen islegleri kanagatlandyrmagyny gazanmakdan ybarat. Şeýlelikde, bu ýerde hereket edýän önümçilik bölümlerinde olaryň dürli görnüşlerini öndürmek ýola goýlupdyr. Olaryň arasynda «Ganat», «Elteks» boýaglary, «Erkfix» ýelimli garyndy we beýleki serişdeler bar. Olaryň her biri dürli ölçeglerdäki plastik gaplara gaplanylyp, alyjylara hödürlenilýär.

Kärhananyň önümçilik bölüminiň müdiri Bagtyýar Rejepowyň aýtmagyna görä, häzirki döwürde bu önümler ýurdumyzyň dürli künjeklerine ugradylýar. Olaryň şol ýerlerde uly isleglerden peýdalanýandygyny gelip gowşan habarlar, ýörite buýurmalar aýdyň tassyklaýar. Munuň özi kärhanada öndürilýän önümleriň hili barada aýratyn alada edilýändigi bilen baglanyşyklydyr.

— Häzirki döwürde şeýle önümleri öndürýän kärhanalar örän kän — diýip, Bagtyýar gürrüň berýär: — Munuň guwançly tarapy, bu ýagdaý alyjylaryň olary saýlap almagyna şert döredýär. Şonuň bilen birlikde-de, ol öz işimize has-da jogapkärli çemeleşmegi, önümçilikde hiç bir säwlige ýol bermezligi talap edýär. Biz hem ony ödemäge çalyşýarys. Şoňa görä-de önümlerimize bolan islegiň barha artýandygy hemmämizi begendirýär.

Kärhanada öndürilýän önümleriň hiliniň oňat bolmagynda bu ýerde döwrebap enjamlaryň peýdalanylmagy bilen birlikde olara erk edýän, öz işini birkemsiz ele alan, tejribeli hünärmenleriň hem uly goşantlary bar diýsek has dogry bolar. Olardan Şöhrat Pirjanow, Atabek Şaripow, Azamat Abdyrimow, Hemra Usmanow dagynyň atlaryny agzamak zerurdyr. Çünki bu ýigitler kärhanada ençeme ýyllardan bäri zähmet çekmek bilen, öz üstlerine ýüklenilýän borçlara oňat göz ýetirýärler.

Ýeri gelende bellesek, bu kärhananyň öndürýän önümleriniň müşderileriň göwünlerine ýaraýandygyny onuň garamagyndaky «Hilkent» diýlip atlandyrylan söwda merkezine gelýän alyjylaryň köplügi-de tassyklaýar. Bu söwda merkeziniň tekjelerindäki bezemen önümleri synlaýan ýa-da ondan möhümini bitirip, hoşal bolup çykyp barýan ildeşlerimiz bir ýa iki däl.

Elbetde, häzirki döwürde ýurdumyzyň, şol sanda welaýatymyzyň obadyr şäherlerini bezeýän kaşaň binalar, ýaşaýyş jaýlary giň gerimde gurulýar. Ajaýyp döwrümiziň guwandyryjy alamatlaryna öwrülen şol ymaratlaryň şeýle bezemen görnüşlere eýe bolmagynda şu kärhananyň işçi-hünärmenleriniň hem uly goşantlarynyň bardygyny bellemek gerek.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy
04.03.2026   59
Ykdysadyýet Meýdan işleri ýokary depginde
29.11.2025   117
Ykdysadyýet Täze bina — giň mümkinçlikler
03.07.2025   210
Ykdysadyýet Zähmet joşýar «ak altynly» pellerde
20.10.2025   185
Ykdysadyýet Bereketli hasylyň binýady
04.01.2025   220
Ykdysadyýet Galla — 2025
24.06.2025   183
Ykdysadyýet Şalyçylaryň zähmet üstünligi
02.12.2024   264
Ykdysadyýet Şalynyň bereketli hasyly
17.10.2024   248
image