Şeýle şygar bilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyny dabaralandyrmak maksadynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde hereket edýän gyzlar gurnaklarynyň arasynda yglan eden bäsleşiginiň Daşoguz welaýat tapgyry geçirildi.
Daşoguz şäherindäki «Gözel» toý mekanynda geçirilen bäsleşige onuň deslapky tapgyrynda has işjeň çykyş eden gyzlar gurnaklarynyň agzalary gatnaşdylar. Toý zalynyň merkezinde ýerleşdirilen ajaýyp görnüşler milliligimiziň nurana öwüşginlerine beslenip, çykyş edýän bäsdeşlere ýokary ruhubelentlik eçildi.
Bäsdeş gyzlar bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, ilki bilen, ýurdumyzda özleri üçin hünär saýlap almagy, el işlerine ussat bolup ýetişmekleri babatda döredilýän mümkinçilikleri, okaýan mekdeplerinde hereket edýän gyzlar gurnagynyň işiniň esasynda hünärini şahyrana wasp etdiler, terbiýeçilik ähmiýetli şygyrlaryň, aýdymlardyr rowaýatlaryň üsti bilen şahsy ukyplaryny açyp görkezdiler. Soňra öz ýanlary bilen getiren milli lybaslaryndaky gutarmadyk işini eminleriň gözegçiliginde ýerine ýetirip görkezdiler. Ösüp barýan ýaş gyzlaryň keşde çekmekde, köjüme köjemekde, basma basmakda, pugtamakda, jähek, aldymgaç çalmakda, jorap örmekde, başga-da örüm işlerini ýerine ýetirmekde, haly önümlerini dokamakda görkezen ussatlyklary gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.
Ahyrky şertde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Bereketli türkmen saçagy» atly kitaby boýunça, milli däp-dessurlarymyza laýyklykda, unaş kesip görkezdiler hem-de tagamyň taýýarlanyşy barada çeper gürrüň berdiler.
Bäsleşik örän gyzgalaňly ýagdaýda geçdi. Ýaş nesliň nusgalyk göreldelere eýerip, ýerine ýetiren her bir çykyşy olar bilen alnyp barylýan işleriň ýerine düşýändigini doly açyp görkezdi. Bäsleşigiň ýeňijilerine we oňa gatnaşanlara TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary dabaranyň şowhununy has-da artdyrdy.