Şeýle şygar bilen Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Bilim ministrliginiň, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde yglan eden bäsleşiginiň Daşoguz welaýat tapgyry geçirildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyny dabaralandyrmak, ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde hereket edýän gyzlar gurnaklarynyň arasynda ösüp gelýän nesliň köp zähmeti we sabyrlylygy talap edýän el işlerini kämilleşdirmeklerini gazanmak maksady bilen, «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezinde geçirilen bäsleşige onuň deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan gyzlar gurnaklarynyň toparlary gatnaşdylar.
Toparlar bellenen şertlere laýyklykda, hünär saýlap almak, inçe el işlerine ussat bolup ýetişmek babatda döredilýän mümkinçilikleri, ýerine ýetirýän hünärlerini şahyrana wasp etdiler, asylly gyz edebi bilen gadymdan gelýän mizemez ýörelgelerimize ýugrulan terbiýeleýjilik ähmiýetli şygyrlaryň, aýdymlaryň, rowaýatlaryň üsti bilen şahsy ukyplaryny açyp görkezdiler. Şeýle hem öz ýanlary bilen getiren milli lybaslaryndaky gutarmadyk işini eminleriň gözegçiliginde ýerine ýetirip görkezdiler. Şonda ösüp barýan ýaş gyzlaryň keşde çekmekde, köjüme köjemekde, basma basmakda, pugtamakda, jähek, aldymgaç çalmakda, jorap örmekde, örüm işlerini ýerine ýetirmekde we haly dokamakda görkezen işleri köpçüligiň uly goldawyna mynasyp boldy. Soňra bäsdeş gyzlar «Bereketli türkmen saçagy» atly kitaby boýunça unaş kesip görkezdiler we onuň taýýarlanylyşyny çeper sözleriň, aýdyşyklaryň we nakyllaryň üsti bilen beýan etdiler.
Bäsleşik ýokary täsirliligi bilen tapawutlandy. Okuwçy gyzlaryň ýerine ýetiren her bir işi olara orta mekdeplerde döwrebap bilim bermek bilen birlikde, hünär öwretmegiň hem utgaşykly, ýokary derejede alnyp barylýandygyny, netijede, ökde taýýarlykly ýaşlaryň kemala gelýändigini doly açyp görkezdi. Has tapawutlanyp çykyş edenler öňe saýlandylar. Şonda Görogly etrabyndaky 17-nji orta mekdebiň gyzlar gurnagynyň topary 1-nji orna mynasyp boldy we bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. 2-nji we 3-nji orunlara degişlilikde Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 13-nji orta mekdebiň we Köneürgenç etrabyndaky 17-nji orta mekdebiň gyzlar gurnaklarynyň toparlary mynasyp boldular.
Bäsleşigiň ýeňijilerine we oňa gatnaşanlara Daşoguz welaýat Baş bilim müdirliginiň Hormat hatlary, TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Welaýatyň zenan bagşylarynyň ýerine ýetirmeginde belent ýaňlanan aýdym-sazlar bäsleşigi boýdan-başa gurşap aldy we bu ýere ýygnananlara ruhy lezzet paýlady.