Hünärim bar — hormatym bar
weather dashoguz 3° C Daşoguz

Hünärim bar — hormatym bar

Jemgyýet
16.01.2025  45

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň we Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Halkara zenanlar gününe bagyşlanyp, tikinçilik bilen meşgullanýan, kesbinden kemal tapyp, el işlerini ýerine ýetirmekde hem-de milli lybaslary ýaýbaňlandyrmakda ussatlyk görkezýän ýurdumyzyň ezber, çeper elli tikinçi zenanlarynyň arasynda yglan eden «Hünärim bar — hormatym bar» atly hünär bäsleşiginiň golaýda Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher tapgyry geçirildi.

Bäsleşige gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleri, zenanlaryň öz mümkinçiliklerini açyp görkezmekleri üçin döredilýän şertleri, şeýle hem zähmet çekýän kärhanalaryny, onda tikilýän milli lybaslaryň özboluşly aýratynlyklaryny, el hünärlerine höwesi artdyrmakda alyp barýan işlerini uly buýsanç bilen wasp etdiler. Şeýle hem bellenen wagtyň dowamynda kiçijik gyzjagaz üçin köýnek biçip we tikip görkezdiler. Taýýar köýnegi gyzjagazyň egnine geýdirip, onda ýerine ýetiren işlerini çeper söz bilen beýan etdiler. Soňra bäsdeş gelin-gyzlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne laýyk, şeýle hem görelde mekdebine öwrülen Ogulabat ejäniň döreden täsin amaly-haşam sungatynyň nusgalaryndan ugur alyp, öz tiken eşiklerini geýip, döwrebap milli türkmen lybaslaryny çeper sözleriň, goşgy setirleriniň, rowaýatlaryň we gazallaryň üsti bilen çeper beýan etdiler.

Bäsdeş zenanlaryň arasynda has tapawutlanyp çykyş eden Daşoguz şäherindäki «Çeper» tikin fabriginiň tikinçisi Nurjemal Öwezowa 1-nji orna, Daşoguz pagta egriji fabriginiň egriji enjamlarynyň kömekçi işçisi Sähra Ýowbasarowa 2-nji orna mynasyp bolup, bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Ýeňijilere we bäsleşige gatnaşanlara TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Sapaly kenaryň ajaýyp goýnunda
20.11.2024   80
Jemgyýet Kadalary berjaý etmek möhümdir
08.07.2024   97
Jemgyýet Wagyz-nesihat maslahaty
25.11.2024   64
Jemgyýet Gymmaty egsilmejek ruhy hazyna
06.01.2025   44
Jemgyýet Änew — ekerançylygyň mekany
18.09.2024   86
Jemgyýet Duşuşyk geçirildi
06.09.2024   58
Jemgyýet Dünýä rekordyny täzelän ildeşimiz
04.10.2024   63
Jemgyýet Röwşen geljegimiziň binýady
10.12.2024   51
image