Hünärim bar — hormatym bar
weather dashoguz 4° C Daşoguz

Hünärim bar — hormatym bar

Jemgyýet
03.08.2024  75

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öý-ojagyň söýegi bolan, jemgyýetimiziň ähli ulgamlarynda tutanýerli zähmet çekip, döwrümizi beýgeltmäge saldamly goşant goşýan mähriban zenanlarymyzyň sarpasy belentde tutulýar. Bu günki gün olaryň sungat eserine çalym edýän milli el işleriniň, döredýän halydyr keçeleriniň at-owazasy dünýä dolýar.

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde döwrüň çeper elli, zähmetsöýer zenanlarynyň arasynda yglan eden «Gülüň owadan» atly keçe bäsleşiginiň geçirilmegi, türkmen zenanlarynyň bu sungata bolan ukyp-başarnyklaryny aýdyň açyp görkezýär. Keçe «Süýdünden sargan bolan, ýüňünden ýorgan bolan» goýnuň ýaz ýüňünden azrak, güýz ýüňünden köpräk goşulyp taýýarlanylýar.

Keçäni birnäçe gelin-gyz bolup üýşüp edipdirler, olaryň biri gül çyzmak üçin pişgeden sümek ýasasa, beýleki biri alaja üçin reňkli ýaz ýüňüniň darakdişinden togalajyklar ýasapdyr, ýene biri keçäniň arkasyna goýuljak güýz ýüňüni saýgyç bilen saýypdyr. Keçäniň gülüni çyzmak üçin pişgäni keçe edilmezden bir-iki gün öňünden taýýar edipdirler, eger pişgäni birnäçe aý öňünden edip goýsaň, onda pişge baslygyp galýar we gowy sozulmaýar.

Keçäniň güli çyzylyp, onuň içi doldurylyp bolandan soňra, onuň «arkalama» işi ýerine ýetirilýär, munda reňksiz ýaz ýüňüni azrak, güýz ýüňüni köpräk goşup, birinji «arkalama» işi edilipdir.

Ikinji «arkalama» işini diňe reňksiz güýz ýüňünden edipdirler. Soňra içi keçeli gamşy emaý bilen düýrläp, üç ýerinden daňyp, keçe gowy öllenýänçä, üstünden aýlap gaýnag suw guýupdyrlar. Soňra keçäni 1-2 sagatlap çekipdirler.

Soňra gamşy emaý bilen açyp, gelin-gyzlar ellerini çermäp, keçäniň gyrasy gamşa degip durar ýaly edip, keçe gamşyny düýrläp, keçäni ilki uzynlygyna, soňra inine aýlap basypdyrlar. Soňra «Keçesi boldum diýmez, eýesi dyndym diýmez» diýen ýaly aýtgylar aýdypdyrlar, bu aýtgylar keçäni uzak wagt bassaň, has oňat keçe bolar diýen manyny aňladypdyr. Keçäni basmak işi tamamlanandan soň, ony şol keçe gamşynda guratmaly, keçe oňat gurandan soň, ony düşemezden öňinçä «Keçe bişirmek» dessuryny ýerine ýetirmeli. Ol hem keçäni ilki basylandaky ýaly amala aşyrylýar.

Keçe sungaty ene-mamalarymyzdan gelýän nepis sungatdyr. Bu sungaty milli öwüşginlere besläp, geljek nesillerimize ýetirmek biziň borjumyzdyr.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Hünärim bar — hormatym bar
16.01.2025   14
Jemgyýet Milli mirasym — mertebäm
01.10.2024   64
Jemgyýet Goşa toýuň şanyna
12.06.2024   97
Jemgyýet Zenanlar guramasynda
12.10.2024   72
Jemgyýet Milli sportuň dabaralanmasy
08.11.2024   76
Jemgyýet Bilim işgärleriniň awgust maslahaty
23.08.2024   91
image