Hünäre hormatyň beýany
weather dashoguz 9° C Daşoguz

Hünäre hormatyň beýany

Jemgyýet
19.02.2025  242

Inçe işiň ussatlary

Golaýda paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde yglan eden «Hünärim bar — hormatym bar» atly bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Bäsleşikde welaýatyň Köneürgenç etrabyndaky 28-nji orta mekdebiň kitaphanasynyň kitaphanaçysy Läle Atjanowa, Şabat etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy Mähri Orazkulyýewa hem-de Akdepe etrabyndaky 22-nji orta mekdebiň mugallymy Şöhle Gaýypowa dagy bilelikde çykyş edip, birinji orna mynasyp boldular.

Bäsleşige gatnaşyjy zenanlar pederlerimizden miras galan nusgalyk däplerimizden, Ogulabat ejäniň görelde mekdebine öwrülen täsin amaly-haşam sungatynyň nusgalaryndan ugur alyp, şeýle hem gadymy milli nagyşlarymyzyň nesilden-nesle geçip gelen inçe syrlaryny tikinçilik sungatynda peýdalanmak bilen, ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleri, zenanlar üçin döredilýän şertleri, öz taýýarlaýan lybaslarynyň özboluşly aýratynlyklaryny, el hünärine bolan yhlaslaryny uly buýsanç bilen wasp etdiler. «Elimden çykan egnime ýarar» diýlişi ýaly, gyzjagazlar üçin köýnek biçip we tikip, gyzjagazyň egnine geýdirip, onda ýerine ýetirilen işleri çeper söz bilen beýan edip, öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.

Bäsleşige gatnaşyjylar TKA-nyň Milli merkeziniň we TZB-niň Merkezi geňeşiniň gymmat bahaly sowgatlary hem-de Hormat hatlary bilen sylaglandylar. Bäsleşigiň dowamynda ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary giňden ýaýbaňlandyryldy.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Goşa toýuň şanyna
12.06.2024   376
Jemgyýet Geňeşli iliň döwletli tutumy
19.08.2024   284
Jemgyýet Mähribanlygyň işjeňlikdäki beýany
01.02.2025   254
Jemgyýet Dabaraly maslahat geçirildi
05.09.2025   145
Jemgyýet Awaza forumy: adamzadyň bähbidi üçin
25.07.2025   165
image