Hukuk hyzmatlary döwrebaplaşýar
weather dashoguz 26° C Daşoguz

Hukuk hyzmatlary döwrebaplaşýar

Jemgyýet
26.09.2025  128

Sanly tehnologiýalaryň giň gerimde ornaşdyrylmagy bilen, ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda innowasion ösüş babatda uly üstünlikler gazanylýar. Häzirki zamanyň öňdebaryjy tehnologiýalary ýurdumyzda sanly hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmaga, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga oňyn täsirini ýetirýär. Sanly aragatnaşyk tehnologiýalary arkaly Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň düzümindäki edaralar tarapyndan raýatlara edilýän hukuk hyzmatlary hem döwrebap özgertmeleri başdan geçirýär.

«Onlaýn ýüz tutma», «Onlaýn töleg», «Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň döwlet tarapyndan bellige alynmagy bilen bagly onlaýn hyzmat», «Notarial onlaýn nobat», «Adalat» elektron maglumatlar toplumy ýaly onlaýn hyzmatlar Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň resmi saýty arkaly has elýeterli boldy. Sanly ulgam arkaly raýatlaryň dürli meseleler baradaky ýüztutmalarynyň onlaýn görnüşde dessin hasaba alynmagy bar bolan meseleleriň tiz çözülmegine ýardam berýär. Häzirki wagtda raýatlara edilýän gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň döwlet tarapyndan bellige alynmagy, notarial işi bilen bagly hukuk hyzmatlary hem aragatnaşyk tehnologiýalary arkaly elýeterli bolup, wagty tygşytlamak, resminamalary çalt hasaba almak ýaly amatly şertleri döredýär. Hukuk hyzmatlary üçin tölegleri hem onlaýn görnüşinde amala aşyrmak mümkin. Resmi saýtdaky «Adalat» elektron maglumatlar toplumy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, Türkmenistanyň Konstitusion kanunlarynyň, Türkmenistanyň kodeksleriniň, Türkmenistanyň kanunlarynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlarynyň we Kararlarynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararlarynyň, şeýle hem ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň döwlet belligine alnan kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň soňky girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen üsti ýetirilen ýagdaýyndaky maglumatlary özünde jemlemek bilen, fiziki we ýuridik şahslary gyzyklandyrýan kadalaşdyryjy hukuk namalary çalt we aňsat usulda gözläp tapmaga ýardam berýär. Elektron toplum Türkmenistanyň hukuk namalarynyň 10 müňden gowragyny öz içine alýar. Şeýle hem onda ýerleşdirilen hukuk sözlügi hukuk ulgamyndaky adalgalardyr düşünjeler hakynda giňişleýin maglumat berip, raýatlaryň hukuk düşünjeliligini artdyrmaga mümkinçilik döredýär. Bu ugurda amala aşyrylýan döwrebap özgertmeler ýurdumyzda adam hakynda edilýän aladalaryň aýdyň subutnamasydyr.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Halypa-şägirtlik ýörelgesine eýerip
05.07.2024   391
Jemgyýet Halkara ylmy-amaly maslahat
26.12.2024   298
Jemgyýet Yhlasly zähmet üstünligiň kepilidir
09.04.2024   380
Jemgyýet Döwrebap merkezde sapaly dynç alyş
05.06.2025   231
Jemgyýet Garaşsyzlyk — dilimiziň dessany
31.08.2024   1331
Jemgyýet Şalynyň idegi ýokary depginde
31.07.2025   159
Jemgyýet Çagany ýaşdan...
04.06.2024   376
image