Türkmen halkynyň taryhy mirasyna, onuň syýasy we hukuk kadalaryna esaslanýan we şol bir wagtda döwlet gurluşynyň ykrar edilen öňdebaryjy dünýä tejribelerinden ugur alýan häzirki zaman kanunçylygy barha kämilleşýär. Ýurdumyzyň kanunçylyk namalarynda döwletimiziň gazanan üstünlikleriniň ähmiýetine, iň ýokary gymmatlygynyň adamdygy we onuň bähbitleridigi hakyndaky esasy ýörelgelere uly orun berilýär.
Kanunçylyk namalaryny özleşdirmek döwrebap dünýägaraýşyň bolmagy, ahlak-hukuk meselelerine dogry düşünmek, jemgyýetçilik tertibiniň bozulmalaryna garşy göreşmek üçin zerurdyr. Türkmenistanda taryhy gysga döwrüň içinde jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryndaky gatnaşyklary düzgünleşdirýän pugta kanunçylyk binýady döredildi. Bazar ykdysadyýetine geçilmegi bilen, hususy eýeçilik, hususy kärhanalar, paýdarlar jemgyýeti ýaly täze hukuk düşünjeleri ýüze çykdy.
Häzirki wagtda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hukuk binýadyny berkitmek maksady bilen, kanunçylyk namalarynyň birnäçesine, hususan-da, raýat-hukuk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, administratiw hukuk bozulmalary, salgytlar, ulaglar bilen baglanyşykly hereket edýän kanunlara üýtgetmeler hem-de goşmaçalar girizilýär.