​​​​​​​Hoşniýetliligiň hem päkligiň dabaralanmagy
weather dashoguz 9° C Daşoguz

​​​​​​​Hoşniýetliligiň hem päkligiň dabaralanmagy

Jemgyýet
20.03.2026  132

Täze taryhy döwrümiziň buýsançly şygara beslenen ýylynyň bir-biriniň üstüni ýetirýän wakalary halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň, däp-dessurlarynyň giňden dabaralandyrylmagy bilen utgaşyp, kalplaryň buýsanç alamatlaryny artdyrýar. Gadymdan gelýän millilik ýörelgelerimiziň döwrebap derejede dowam etdirilýändiginiň aýdyň alamatlary häzirki günde haýyrly hem ýagşy amallar bilen tamamlanan mukaddes Remezan aýynyň mysalynda has çuňňur duýulýar. Agzybir halkymyz tutuş musulman ymmatynda bolşy ýaly, otuz günläp agyz beklemek bilen, gymmatly wagtlaryny ýagşy amallara, haýyrly işlere besläp, ýurt parahatçylygy, halkymyzyň abadan durmuşy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent tutumlarynyň rowaçlanmagy üçin doga-dilegleri etdiler. Mukaddes ojaklarda supralar giňden ýazylyp, agzaçar sadakalary berildi, metjitlerde tarawa namazlary okaldy. Hormatly Prezidentimiziň sahawatly Permany bilen, bu ýagşy aýyň dowamynda mübärek Gadyr gijesiniň öň ýanynda günä geçişlik çäresiniň geçirilmegi ynsanperwerlik ýörelgeleriniň giňden dabaralandyrylýandygyny alamatlandyrdy.

Ertir ýurdumyzda ynsan kalbynyň nury, sabyr-takatlylygyň miwesi bolan Oraza baýramy bellenip geçiler. Oraza baýramyna çenli geçilen bir aýlyk ýol hakyky ruhy päklenmedir. Baýram güni adamlar özüniň ruhy taýdan täzelenendigini, has-da kämilleşendigini duýýarlar. Şonuň üçin hem bu baýram her bir ynsan üçin özboluşly ruhy täzelenişiň günüdir.

Oraza baýramynyň iň uly gymmatlyklarynyň biri sahawatlylykdyr. Baýram namazyndan öň berilýän pitre we zekat sadakalary jemgyýetde agzybirligi berkidýär. Bu däp hemaýat bermek, baýram şatlygyny her bir öýe ýetirmek üçin niýetlenendir.

Halkymyzyň milli medeniýetinde Oraza baýramy özboluşly öwüşginlere eýedir. Baýram bilen bir-biregi gutlap, ýagşy arzuw-dileg etmek adamkärçilik ýörelgesinden nyşandyr. Baýramyň öňüsyrasynda merhumlaryň ruhuna aýat-töwir okalmagy, pişmedir çapady bişirilip, goňşy-golama, ýakynlaryňa paýlanmagy nesilleriň arasyndaky taryhy dowamaty görkezýär.

Baýram güni ir bilen metjitlerde baýram namazy okalýar, il-ýurt abadançylygy dileg edilýär. Adamlar bir-birege iň ýagşy gutlaglaryny aýdýarlar, giňden ýazylan supranyň başyna jemlenip, aýat-töwir edýärler. Bu hem döwürleriň, nesilleriň arasyndaky milli bitewüligiň mizemezliginiň alamatlaryny dabaralandyrýar.

Oraza baýramyňyz gutly-mübärek bolsun, mähriban ildeşler!

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Döwletliligiň binýady
10.08.2026   91
Jemgyýet Bedew atyň tarypyny sözlesem...
28.03.2026   150
Jemgyýet Sanly mümkinçilikler — täze ädimler
05.09.2024   404
Jemgyýet «Galkynyşyň» galkynyşly menzili
06.02.2026   216
Jemgyýet Dabarasy dünýä dolan Watanym
26.06.2024   472
Jemgyýet Ders bäsleşiginiň döwlet tapgyry
25.03.2026   160
image