Hoşallyk maslahaty
weather dashoguz 15° C Daşoguz

Hoşallyk maslahaty

Jemgyýet
04.07.2026  135

Belent sepgitlere badalga

Milli medeniýetiň dabaralanýan mekany Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde Medeniýet hepdeliginiň geljek ýyl Daşoguz welaýatynda geçiriljekdigi baradaky hoş habar Daşoguz welaýatynyň ähli ilatyny, aýratyn-da, döredijilik we medeniýet işgärlerini uly buýsanja we galkynyşa besledi. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň medeniýet ulgamynda alnyp barylýan işleri has-da ösdürmek, milli medeniýetimizi, sungatymyzy we edebiýatymyzy döwrebap eserler bilen baýlaşdyrmak, döredijilik işgärleriniň hünär ussatlygyny artdyrmak, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmek, döredijilik işgärlerini täze eserleri döretmäge ruhlandyrmak, şeýle-de Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli ýurdumyzda geçirilmegi asylly däbe öwrülen Medeniýet hepdeligini 2027-nji ýylda Daşoguz welaýatynda geçirmek baradaky kabul eden çözgüdine bagyşlanyp, Daşoguz welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda hoşallyk maslahaty geçirildi.

Maslahata il sylagly ýaşulular, mährem eneler, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, şäher we etrap medeniýet, sungat edaralarynyň ýolbaşçylary, işgärleri, aýdymçylar, bagşylar, teatr artistleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, bilim, saglygy goraýyş işgärleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Hoşallyk maslahatynda, ilki bilen, welaýat häkiminiň orunbasary O.Çerkezowa çykyş edip, türkmen medeniýetini we sungatyny, milli mirasymyzy belent derejelere göterýän, ony bütin dünýäde dabaralandyrýan hormatly Prezidentimiziň adyna hoşallyk sözlerini beýan etdi. Medeniýet hepdeliginiň Daşoguz welaýatynda geçirilmegi barada kabul edilen çözgüdiň welaýatymyzyň taryhy-medeni baýlygyna, onuň zehinli sungat işgärlerine bolan belent ynamynyň aýdyň subutnamasydygyny belledi.

Maslahatda çykyş eden il sylagly ýaşulular we tanymal bagşy-sazandalar, medeniýet işgärleri bu taryhy çäräniň diňe bir sungat baýramy bolman, eýsem, sebitiň medeni we ruhy durmuşyny has-da belent sepgitlere ýetirjek taryhy waka öwrüljekdigini uly buýsanç bilen nygtadylar. Maslahatyň dowamynda indiki ýyl guramaçylykly geçiriljek bu giň gerimli halkara medeni çärä häzirden ýokary derejede taýýarlyk görmek baradaky wezipeler hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Welaýatyň medeniýet ojaklarynyň, teatrlarynyň we muzeýleriniň öňünde duran täze maksatlar, sahnalaşdyryljak täze eserler we taýýarlanyljak döredijilik sowgatlary barada pikir alşyldy. Taryhy-medeni ýadygärlikleri we pederlerimiziň mukaddes mirasyny dünýä ýaýmaga gönükdirilen çäreleriň meýilnamalary bellenildi.

Mejlise gatnaşyjylar medeniýet, sungat işgärlerine döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini beýan etdiler we geljek ýyl welaýatda Medeniýet hepdeliginiň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegine işjeň gatnaşyp, mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynandyrdylar.

Hoşallyk maslahatynyň dowamy welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna ulaşdy.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Berkararlyk — döwletlilik mukamy
26.09.2026   59
Jemgyýet Dabaraly maslahat
30.09.2026   44
Jemgyýet Milli ýörelgeler dabaralanýar
14.05.2025   333
Jemgyýet Ussat  zenanlarymyzyň üstünligi
25.07.2025   291
Jemgyýet Belent üstünlikleriň güwäsi
13.02.2026   152
Jemgyýet Haýyr-sahawatlylygyň baýramy
06.06.2025   320
image