Hoşallyga beslenen dabara
weather dashoguz 18° C Daşoguz

Hoşallyga beslenen dabara

Jemgyýet
19.01.2026  124

Şu ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi ata Watanymyzyň, halkymyzyň durmuşynda şatlykly-guwançly waka boldy. Oňa bagyşlanan çärelere badalga berilmegi mynasybetli Daşoguz şäher häkimliginiň, TDP-niň, TAP-nyň şäher komitetleriniň, TMÝG-niň şäher geňeşiniň bilelikde guran dabaraly maslahaty örän işjeň ýagdaýda geçdi.

Maslahatda guralan çykyşlardan görnüşi ýaly, Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda her ýyla mynasyp atlary dakmak ýakymly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň bagtyýarlygynyň, agzybirliginiň alamaty bolup, her bir ynsanyň göwnüni galkyndyrýar, ony yhlasly zähmet çekmäge, bilim almaga, döretmäge, gurmaga ruhlandyrýar. Ýakynda gadam goýan ýylymyzyň hem öz adyna mynasyp bolup, şan-şöhrata beslenjekdigine berk ynam bar. Dabaranyň ahyrynda medeniýet işgärleriniň aýdym-sazly çykyşlary guraldy.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Üstünliklere beslenen taryhy ýyl
29.12.2025   154
Jemgyýet Ders bäsleşiginiň döwlet tapgyry
25.03.2026   135
Jemgyýet Goşa toýuň şanyna
25.06.2025   277
Jemgyýet Bitaraplyk — parahatçylygyň binýady
04.10.2025   210
Jemgyýet Medeni mirasyň hukuk esaslary
14.01.2026   169
Jemgyýet Bedew bilen beýgelýän döwür
29.07.2026   81
Jemgyýet Baky buýsanjymyz
05.05.2025   272
image