Hoş habaryň ýakymy
weather dashoguz 12° C Daşoguz

Hoş habaryň ýakymy

Jemgyýet
02.01.2025  95

Täze ýylyň ilkinji buşlugy

Täze ýylyň ilkinji buşlugyna öwrülip, 1-nji ýanwarda Daşoguz şäherinde bagtyýar körpeje dünýä indi. Daşoguz şäheriniň ýaşaýjylary Enejan Mürzaýewanyň we Rustam Atajanowyň maşgala ojagyna goşa şatlyk bolup gelen gyz perzendi olaryň baýramçylyk şatlygyny goşalandyrdy.

Daşoguz şäherindäki  "Ene mähri" merkezinde dünýä inen gyzjagazyň agramy 3,435 kilogram, boýy 50 santimetr bolup, eli ýeňil lukmanlar bäbegiň saglygynyň gowudygyny buýsanç bilen gürrüň berýärler. Gyzjagazyň ejesi Enejan Mürzaýewa Täze ýylyň ilkinji pursatlarynda dünýä inen perzendiniň maşgalasynda ikinji çagadygyny aýtdy. Täze ýylyň şatlygyny artdyryp dünýä inen çagajygyň ata-enesi oňa juda begenýärler. Arzuwlara ganat berip, maşgalanyň dowamaty boljak bagtyýar perzendiň dünýä inmegi diňe bir Enejan bilen Rustamyň agzybir maşgalasy üçin däl, eýsem, welaýatymyzyň ähli ilaty üçin hem ilkinji hoş habar boldy.

Ýurdumyzda ýaş nesilleriň sagdyn ösüp ulalmagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Bagtyýar körpejäniň ýakynlarynyň şatlygyny synlanyňda, parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watanynda toýlaryň goşalanyp gelýändigine bolan buýsanjyň has-da artýar. Biz hem täze ýylyň ilkinji gününde dünýä inen çagajygyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, geljekde il-ýurdumyza wepaly ynsan bolup ýetişmegini arzuw edýäris.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Maşgala mukaddesligi wagyz edildi
15.08.2024   119
Jemgyýet Tanyşdyrylyş dabarasy
24.01.2025   68
Jemgyýet Alma
01.04.2024   126
Jemgyýet Işjeňligiň döwrebap nusgasy
13.02.2023   234
Jemgyýet Hasabat ýygnagy geçirildi
26.07.2024   166
Jemgyýet Ýol abat – il abat
04.09.2024   112
Jemgyýet Ynsanperwer däpleriň dabaralanmagy
02.04.2025   56
image