Hoş geldiň sen, Täze ýyl!
weather dashoguz 17° C Daşoguz

Hoş geldiň sen, Täze ýyl!

Jemgyýet
08.01.2025  460

Şäher medeniýet merkezinde geçirilen baýramçylyk çäresiniň dowamynda merkeziň halk teatrynyň, «Çagalar we ýetginjekler» tans gurnagynyň we merkeziň çeper höwesjeňleriniň joşgunly çykyşlary dabaranyň şowhunyny artdyrdy. Bu ýerde bezemen arçanyň daşynda Aýazbabadyr Garpamygyň çagalar bilen ýerine ýetiren aýdymy çäräniň ruhubelentligini has-da belende göterdi. Aýazbabanyň çagalara sowgat paýlaýşy, olaryň joşgunly çykyşlary çärä özboluşly many-mazmun bagyşlady. Onuň dowamynda ýerine ýetirilen «Salam, Täze ýyl!», «Aýdym aýdaly», «Hoş geldiň sen, Täze ýyl!» ýaly joşgunly aýdym-sazlar ajaýyp döwrümiziň, şadyýan baýramçylygyň belent waspy bolup ýaňlandy.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Aýlaryň serweri
09.03.2024   418
Jemgyýet Awaza forumuna bagyşlanyldy
11.08.2025   154
Jemgyýet Ynsanperwerligi ýörelge edinip
08.07.2025   230
Jemgyýet Igdeli gürrüň
28.08.2025   168
Jemgyýet Halk Maslahaty — beýik işlere badalga
05.08.2024   387
Jemgyýet Saglygym — baş baýlygym
07.04.2026   39
image