Hojalykda ulanylan kädiler
weather dashoguz 17° C Daşoguz

Hojalykda ulanylan kädiler

Ykdysadyýet
07.07.2025  174

Suwkädi — tebigat bilen mydama sazlaşykda bolan ynsan onuň eçilýän nygmatlaryny diňe azyk hökmünde ulanman, eýsem, olardan hojalykda ulanylýan esbaplary hem döredipdir. Häzirki zaman suwgaplary ýok wagtynda suw çekmek üçin suwkädiler ulanylypdyr. Ol gaty gabykly bolup, içinde ak eti bolýar, onuň agzyny kesip, etini aýyrýarlar. Şundan soň boýnuna ýüp daňyp, süýji suwly guýulardan, ýaplardan suw daşapdyrlar. Garrylarymyz ondan suw içmeklik peýdaly hem diýýärler.

Ýagkädi — bu suwkädiden kiçiräk bolup, ýag guýmak üçin ulanylýar, gabygy ýukarak bolup, oňa 3 — 5 kilogram ýag sygýar. Muňa «ýag depbe, juwazçynyň kädisi» hem diýilýär. Bu gap juwazdan ýag alyp gaýtmak maksadynda ulanylypdyr.

Şeňňilkädi — bu suwkädiden, ýagkädiden tapawutly bolup, tebigy tarapdan şeňňile (ýerli gepleşikde «kürüşge» diýen manyda) meňzeş bolýar. Onuň böwrüni kesip, şeňňil görnüşine getirip, kürüşge hökmünde ulanypdyrlar.

Almakädi — oňa halk arasynda «oýunjak kädi» hem diýilýär. Ol kiçijik, gaty gabykly bolup, örän owadan, sarymtyl reňkli bolýar. Bu kädi bişensoň, tohumy içinde şygyrdap durýar. Ony ýörite hünjüli sapak bilen çaganyň eline daňýarlar. Çaga elini silkende ol şygyrdaýar. Çaga ýöräp başlandan soň, ony ýelegiň ýagyrnysyna dakýarlar, çaga onuň şygyrdysyna guwanyp ýöreýär. Şygyrdy çaganyň nirededigini-de habar berýär.

Sürteçkädi — halk arasynda muňa «desmalkädi» hem diýilýär. Ony ene-mamalarymyz gap-gaç ýuwmakda giňden peýdalanypdyrlar. Daşy ýuka gabykly bolup, ony bir gün gyzgyn suwda goýup, daşynyň gabygyny aýryp ulanypdyrlar. Biziň welaýatymyzda onuň kiçileri bar. Lebap welaýatynda has ulusy bolup, hammamlarda sürteç hökmünde ulanylýar.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Täze bina — giň mümkinçlikler
03.07.2025   164
Ykdysadyýet Gowaça ekişi — jogapkärli wezipe
11.03.2025   186
Ykdysadyýet Bank hyzmatlary ösdürilýär
29.05.2025   108
Ykdysadyýet Gurluşyk önümleri öndürilýär
28.08.2024   247
Ykdysadyýet Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
15.11.2024   204
Ykdysadyýet Ýeralmanyň bol hasyly ugrunda
13.02.2025   181
Ykdysadyýet Ösüşiň möhüm ugry
14.12.2023   249
image