Güýz paslynyň häzirki günlerinde, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň Sadulla Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň pagtaçy daýhanlary hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda köp yhlas siňdirip ýetişdiren «ak altyn» hasylyny çalt hem-de ýitgisiz ýygnap, Watan harmanyna tabşyrmak maksady bilen, ak hanalara beslenen giň pellerde joşgunly zähmet çekýärler. Munuň şeýledigini olaryň bu babatda gazanýan netijeleri aýdyň görkezýär.
Şu şanly ýylda, ýurdumyzda pagtaçylygy ösdürmek ugrunda amala aşyrylýan taýsyz tagallalar bilen ruhlanan kärendeçi daýhanlar bereketli hasyly kemala getirdiler. Şeýlelikde, olar pagta ýygymyna öňdäkileriň hatarynda girişdiler. Häzirki wagta bu baradaky aladalaryň ähli kärendeçiler toparlarynda hem giňden ýaýbaňlandyrylandygyny, olaryň iş depgininiň günsaýyn ýokarlanýandygyny aýdyp bolar.
Hojalygyň «Nowruz» diýlip atlandyrylýan 2-nji kärendeçiler toparynyň pagta meýdanlarynda ýygymyň barşy gyzgalaňly barýar. Bu topara tejribeli pagtaçy, Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň eýesi Bahram Täjimyradowyň ençeme ýyl bäri ýolbaşçylyk edýändigini hem bellemek gerek. Şu geçen döwürde bu topar pagta öndürmek baradaky ýyllyk meýilnamasyny yzygiderli ýerine ýetirip gelýär.
Topar ýolbaşçysynyň şu ýylda hem bu babatda uly üstünliklere eýe boljakdygyna berk ynamy bar. Sebäbi atyzlarda hasyl diýseň köp. Gowaçalaryň her düýbünde ýetişen körekler, açylan gozalar az däl. Bu kärendeçi daýhanlaryň, mehanizatorlaryň ýylyň başyndan bäri çeken ýadawsyz zähmetleriniň netijesi diýsek dogry bolar. Çünki olar gowaça ekişine taýýarlykdan başlap, ondan soňraky ideg çäreleriniň ählisini ýokary guramaçylyk derejesinde alyp bardylar. Şonda işleriň öndürijiligi bilen birlikde, olaryň hiline-de aýratyn üns berlendigini bellemek zerur bolup durýar.
Şu ýyl toparyň 110 sany agzasy jemi 296 gektar meýdanda pagtanyň bol hasylyny ýetişdirmek ugrundaky aladalar bilen meşgul bolupdyr. Şu kärendeçi daýhanlaryň aglaba köpüsiniň öz kärinde uly tejribelere eýedigi işde öňegidişlikleriň gazanylmagyna düýpli ýardam beripdir. Şeýle başarjaň pagtaçylaryň hatarynda her biri 3,4 gektar meýdana gözegçilik edýän Muhabbet Seýidowa, Inabat Sapýazowa, Reýhan Babanyýazowa we beýlekiler bar. Ondan başgada, pagta ýygymynda saýlanýan kärendeçiler örän köp. Olardan Gülüstan Babajanowa 1,4 gektar ýerden 4,5, Gülnar Saparbaýewa 1 gektardan 2,5, Daniýar Rozmetow 2,5 gektardan 5, Jemile Mädrahymowa 2 gektar meýdandan 4,5 tonna pagtany harmana goşdy. Munuň pagta ýygymynyň ilkinji günlerinde şeýle bolandygyny aýtmak gerek. Entek kärendeçileriň atyzlarynda, pagta örän köp.
Görnüşi ýaly, paýdarlar jemgyýetiniň pagtaçylary häzirki amatly günleriň her pursadyndan ýerlikli peýdalanyp, hasyl ýygymyna ähli gujur-gaýratlaryny gönükdirýärler. Olaryň köp sanlysynyň Watan harmanyna pagta tabşyrmak baradaky ýyllyk meýilnamalaryny ýakyn günlerde ýerine ýetirmäge mümkinçilikleriniň bardygyny aýtmak bolar.