​​​​​​​Hereket howpsuzlygynyň goragynda
weather dashoguz 17° C Daşoguz

​​​​​​​Hereket howpsuzlygynyň goragynda

Jemgyýet
11.09.2024  391

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda halkymyzyň abadan, asuda durmuşda ýaşamagy babatynda beýik işler durmuşa geçirilýär. Her ýylyň sentýabr aýynda ýurdumyzda giň gerime eýe bolýan «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň geçirilmegi indi asylly däbe öwrüldi.

Ýollaryň asudalygyny üpjün etmek möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Halkymyzyň «Ýol abat — il abat» diýip belleýşi ýaly, ýollaryň abadançylygy halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň kepilidir. Günsaýyn gözelleşýän we ajaýyp görke eýe bolýan şäherlerimiz we obalarymyz halkymyzyň abadan, eşretli durmuşynyň aýdyň nyşanydyr. Her bir oba-kende uzaýan ýollar bolsa nuranalygyň hem-de mähribanlygyň menzilleridir. Dünýä uzaýan awtomobil ýollary ulag ulgamynda durmuşa geçirilýän beýik özgertmeleriň ajaýyp miweleridir.

Ata Watanymyzda ýollaryň asudalygyny, hereket howpsuzlygynyň kadalaryny berk berjaý etmek her birimiziň raýatlyk borjumyz bolup durýar. Orta mekdeplere we çagalar baglaryna gatnaýan körpeleriň ýol hereketiniň kadalaryny berk berjaý etmegini üns merkezinde saklamak ata-eneleriň hem esasy borçlarynyň biridir. Ýolyşyklaryň düzgünleriniň, pyýadalaryň hukuklarynyň we borçlarynyň doly we dogry ýerine ýetirilmegi islendik ýol-ulag hadysasynyň öňüni almaga ýardam edýär.

Ýol hereketiniň kadalarynyň berjaý edilişine sanly ulgam esasynda gözegçilik etmek işleriniň giň gerimde alnyp barylmagy polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri üçin amatly şertleri döredýär. Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde we welaýatlarda tizlik hasaplaýjy enjamlaryň oturdylmagy ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda möhüm ähmiýete eýe boldy.

Merkezi ulgama birikdirilen tizlik hasaplaýjy enjamlar matematiki usulda hasaplamak işlerini geçirip, awtoulagyň öý salgysyna poçta habarnamasy esasynda jerime töleginiň habaryny berýär. Bu bolsa sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, ýol hereketiniň kadalarynyň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrmakda amatly şertleri döredýär.

Hereket howpsuzlygynyň kadalarynyň berjaý edilmeginde pyýadalaryň hem-de sürüjileriň aýratyn ünsli bolmagy zerurdyr. Awtoulagy dolandyrýan sürüjiniň ünsüni sowmazlyk, ýollarda bellenen aralygy saklap, ulagy dolandyrmak we hüşgärligi elden bermezlik sürüjiniň esasy wezipesidir. Häzirki wagtda ýokary, orta hünär hem-de orta mekdeplerde, çagalar baglarynda okuw möwsüminiň dowam edýän günlerinde pyýadalaryň hem sazlaşykly hereketiniň üpjün edilmegi wajypdyr. Şunda pyýadalaryň öz borçlaryna düşünip, ýola çykanlarynda hüşgärligi we ünslüligi elden bermezligi gerek. Bu bolsa hereket howpsuzlygynyň üpjün edilmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Täze taryhy eýýamda ýollaryňyz ak, ýurdumyz abadan bolsun!

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Söhbetdeşlik geçirildi
30.11.2024   360
Jemgyýet Saglyk sahawatynyň saýasynda
24.08.2024   339
Jemgyýet Milli buýsanjymyzyň dabarasy
29.04.2026   23
Jemgyýet Täze ýylyň şatlykly dabaralary
07.01.2025   281
Jemgyýet Hyzmatdaşlyk arkaly ösüşe tarap
15.08.2025   201
Jemgyýet Döwrebap ulaglar ilatyň hyzmatynda
11.09.2024   405
Jemgyýet Düzgünler berjaý edilmelidir
05.02.2026   86
Jemgyýet Syýasy waka bagyşlandy
07.08.2025   194
image