Hemişelik Bitaraplygyň buýsanjy
weather dashoguz 18° C Daşoguz

Hemişelik Bitaraplygyň buýsanjy

Jemgyýet
04.12.2024  387

Daşoguz şäher häkimliginiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň şäher komitetiniň, şäher medeniýet merkeziniň hemde Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda «Hemişelik Bitaraplyk — parahatçylygyň ösüşli ýoly» atly aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi. Şäher häkimliginiň mejlisler zalynda geçirilen maslahata TDP-niň işjeň agzalary, lukmançylyk okuw mekdebiniň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Dabarada çykyş edenler ýurdumyzyň halkara gatnaşyklar ulgamynda täze sepgitlere ýetýändigi dogrusynda bellediler. Hemişelik Bitarap ýurdumyzyň bu gün dünýäniň abraýly guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasynyň geňeşleriniň, komitetleriniň, komissiýalarynyň birnäçesiniň agzasy bolup, degişli işleri amala aşyrýandygy, Diýarymyzyň dost-doganlygyň mekanyna, parahatçylyk dörediji merkeze öwrülýändigi dogrusynda aýdyp geçdiler. Şeýle-de dabaranyň dowamynda talyplaryň aýdym-sazly çykyşlary dabara gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Ak bagtymyzyň şäheri
11.12.2025   147
Jemgyýet Halk bähbitli tutumlar
31.07.2026   85
Jemgyýet Ak öýleriň bezegi
18.02.2025   357
Jemgyýet Bäsleşigiň şäher tapgyry
31.10.2024   451
Jemgyýet Dalaşgärler bilen duşuşyk
26.03.2026   115
Jemgyýet Ählumumy parahatçylygyň nusgalyk ýoly
30.10.2025   199
Jemgyýet «Galkynyşyň» galkynyşly menzili
06.02.2026   184
image