Hemişe ýüregiňi diňle!Ynsan ömri müňlerçe menzilden, ençeme günlerden ybarat. Durmuşda dürli hili synaga duçar bolup, olardan akyl-paýhas bilen baş çykarmaly. Şunda dostluk-doganlyk gatnaşyklaryna möhüm ähmiýet berilýär. Birek-birek bilen dostlukly gatnaşyk ynsanyň mertebesini beýgeldip, at-abraýyny artdyrýar. Adam jemgyýet bilen sazlaşykda ýaşaýar. Onuň her bir pursady birek-birekden üzňe geçmeýär.
Pederlerimizden galan bir rowaýatda şeýle diýilýär: Gadym wagtlarda bir adam 20 ýaşynda bir dost tutunypdyr. Ol dosty bilen ýaşlygyny geçiripdir. Otuz ýaşyna baranda bolsa hünär öwrenip, ýene-de bir dost tapypdyr. Onuň bilen gowy gatnaşykda bolupdyr. Soňra kyrk ýaşyna baranda ýene-de bir dost tapýar. Onuň bilen hem saçakly gatnaşypdyr. Şeýlelikde, ýaňky adam elli ýaşyndan geçipdir. Bu ýaşdan soň onda bir dert peýda bolupdyr. Ol durmuşda eden işleriniň jogaby, sogaby hakynda oýa batypdyr. Bu barada maslahat soramak we derdini paýlaşmak üçin kyrk ýaşynda tapynan dostunyň ýanyna barypdyr. Ol dostuna:
— Men bir dert tapdym. Maňa kömek et, maslahat ber, ýanymda bol, dostum! — diýipdir. Onda dosty özüni alyp gaçmak bilen, işleriniň, aladasynyň kändigini aýdypdyr. Garaz, ol dostundan ýüregine ýakyn jogaby tapmandan soň, otuz ýaşynda tutunan dostunyň ýanyna barypdyr. Ol bu dostuna-da ýaňky aýdanlaryny gürrüň beripdir. Otuz ýaşynda tutunan dosty hem ondan ýüz öwrüpdir. Soňra 20 ýaşynda tapan dostunyň ýanyna baryp:
— Sen ýaşlykdan ýakyn dostlarymyň biri. Sen maňa düşünersiň. Men bir dert tapdym, başym bir alada galdy. Seniň maňa kömegiň gerek! — diýipdir. Bu dosty hem köne aşnasynyň haýyşyny bitirip bilmändir.
Ýaňky adam ahyrynda ýüregine geňeş salypdyr. Oňa ýüreginden şeýle owaz gelipdir: «Men hemişe ýanyňda. Sen hiç zady alada etme! Seniň ýanyňda bolup, hemişe saňa şärikdirin. Şonuň üçin diňe ömrüňi haýyrly işlere bagla! Olar saňa hemişe dalda bolar». Bu owazy eşiden adamyň kalbyny giňlik gurşapdyr. Şeýlelikde, adamyň ýüregi hemişe ynsanyň dosty. Pederlerimiziň aýdyşy ýaly, her bir işde ýüregiňi diňle! Ynsanyň iň ýakyn hemrasy onuň kalbyndaky dostudyr. Kalp dosty hemişe dogry ýoly salgy berýär. Şonuň üçin hemişe haýyrly işleri hemra edinip, ýagşylyklara ýaran bolmaly.
Durmuşyň şeýle synaglary, ýollary ynsany terbiýeleýär. Ertirki gün adama ýakyn hemra, ýakyn dost bolup biljek onuň haýyrly, sogaply işleridir. Her bir işde ýüregiňi diňlemek gowy netijäni gazanmaga kömek eder.