«Hemedan daş bolsa...»
weather dashoguz 17° C Daşoguz

«Hemedan daş bolsa...»

Jemgyýet
05.11.2025  129

Halkymyzda «Hemedan daş bolsa, kädi ýakyn» diýlen nakyl bar. Aýdyşlaryna görä, öňde bir adam Eýrana sapara gidipdir. Ol bu ýurduň köp ýerlerini gezip gelensoň, gören-eşiden zatlary hakda obadaşlaryna gürrüň berip öwünýärmiş.

Şonda Hemedan şäherinde gören geň-enaýy zatlaryny gürrüň berýärkä, kellesi gyzyp: «Hemedanda şeýle bir uly kädilere duşdum. Men şolaryň kyrkysyny dagy göteräýdim» diýip öwnüpdir.

Obadaşlary: «Heý, kyrk kädinem göterip bolarmy?» diýip, oňa ynanmajak bolsalar-da ol hem hiç ýeň bermändir.

Ahyry bu gürrüňleri diňläp oturanlaryň biri: «Hemedan daş bolsa, kädi ýakyn! Han-ha, hol kädilerden göter-de görkezäý!» diýipdir.

Şondan soň ýaňky öwünjeň jahankeşde kişi näme diýjegini bilmän, sözüniň soňuny haňk-huňka uraýypdyr. Şodur-da şodur, biriniň aýdýan zadynyň dogrudygyna müňkür bolup, ony anyklajak bolsalar: «Hemedan daş bolsa, kädi ýakyn! Ony barlap göräýeris!» diýýändirler. Ýöne bu nakylyň başga-da bir manysynyň bardygy köplere mälimdir. Onda nakyldaky «kädi» sözi «kärdi» bolmaly diýilýär, kärdi bolsa suwly ýaby aňladýar. Şonuň üçin bu nakyla «Köpri daş bolsa-da, suwly ýapdan böküp geçmegiň ýakyn» diýlip düşünilýär.

Meňzeş habarlar

image