Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe taryhy wakalar, şanly seneler goşa-goşadan gelýär. Mukaddes Oraza aýy halkymyzyň we ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýetli wakalar bilen has-da dabaralandy.
Aýlaryň ýagşysy hasaplanýan Remezan aýynyň dowamynda Änew şäherinde täze metjidiň açylyp ulanmaga berilmegi taryhy ähmiýetli wakalaryň birine öwrüldi. Gadymy Änewiň buýsançly taryhyndan habar berýän şekiller bilen kemsiz bezelen metjide «dünýäniň we diniň bezegi» derejesine eýe bolan Seýit Jemaleddiniň adynyň dakylmagynda çuňňur many bardyr.
Bu asylly işleriň dowamy mübärek Gadyr gijesi mynasybetli welaýatlarda dowam etdi. Ýurdumyzyň Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda döwrebap täze metjitler halkymyz üçin öz gapylaryny giňden açdy. Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynda ulanmaga berlen Ruhubelent metjidi 300 adamyň namaz okamagy üçin niýetlenip, ol 3 gektar meýdanda ýerleşýär. Ruhubelent metjidine Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan ýörite awtoulaglaryň gowşurylmagy çärä gatnaşanlaryň şatlygyny has-da artdyrdy. Bu ýerde agzaçar sadakasy berlip, tarawa namazy okaldy. «Allanyň öýüniň» şeýle mukaddes günde açylmagy ýurdumyzda halkymyzyň asylly däpleriniň, mukaddes ýörelgeleriniň üstünlikli dowam etdirýändiginiň aýdyň nyşany boldy.
Şeýle hem mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Permanyna laýyklykda, iş kesilen 356 sany raýatyň günäsiniň geçilmegi ata-babalarymyzyň rehimdarlyk, ynsanperwerlik ýaly asylly ýörelgeleriniň has-da rowaçlanýandygyny alamatlandyrdy.
Bagtyýar il-halkymyz 10-njy aprelde Oraza baýramyny uly ruhubelentlik bilen belläp geçdiler. Ýurdumyzyň ähli metjitlerinde baýram namazlary okalyp, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi dileg edildi.