Haýyr-sahawatlylygyň baýramy
weather dashoguz 26° C Daşoguz

Haýyr-sahawatlylygyň baýramy

Jemgyýet
06.06.2025  228

Halkymyz döwürleriň we nesilleriň arasyndaky arabaglanyşygy üpjün edip gelýän Gurban baýramyny uly ruhubelentlik bilen garşylaýar.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bu baýramyň ajaýyp pursatlarda — Garaşsyz Watanymyzyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk toýuna taýýarlyk görmegiň dabaralaryna beslenýän günlerinde bellenilip geçilýändigi onuň şatlyk-şowhunyna aýratyn röwşenlik çaýýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, türkmen halky müňýyllyklaryň dowamynda dinini, dilini, ýoluny arassa saklamak bilen, özüni dünýä ykrar etdiren halkdyr. Dini pelsepeleriň döremeginde, adamzadyň iň gözel, ajaýyp gymmatlyklaryny özünde jemleýän yslam medeniýetiniň kämilleşmeginde hem biziň halkymyzyň aýratyn orny bardyr. Şeýle hem sabyrly, geçirimli we keremli bolmak dogrusyndaky ähli döwürler üçin möhüm öwüt-ündewleri, tämiz ýörelgeleri döreden hem-de bütin durky bilen halallyga, päklige, tagat-ybadata uýýan halkymyz gadymy döwürlerden bäri yslam dinini adalatyň, şükranalygyň, ýagşylygyň, dogruçyllygyň, ynsanperwerligiň hem-de hoşniýetliligiň çeşmesi hasaplap gelýär.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli, umumadamzat we dini gymmatlyklar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe jemgyýetiň sazlaşykly ösüşini kesgitleýän esasy ölçege öwrüldi. Şonuň netijesinde, merdana halkymyzyň ruhy ýörelgeleriniň üstünlikli dowam etdirilýändigi berkarar döwletimiziň dünýädäki at-abraýynyň beýgelýän häzirki döwründe Gurban baýramynyň hormatly Prezidentimiziň sahawatly Permany esasynda üç günläp tutuş ýurdumyzda uly şatlyk-dabara, ýagşy umyt-arzuwlar bilen bellenilip geçilmeginde hem öz beýanyny tapýar. Döwlet derejesinde Gurban baýramynyň şanyna agzybirlikde, jebislikde uludan toý tutulýar. Ähli ýerlerde hiňňildikler oturdylyp, aýdym-sazly baýramçylyk çäreleri geçirilýär. Olarda berkarar Watanymyzda gazanylan üstünlikler, ýetilen beýik sepgitler belentden wasp edilýär. Asylly däbe eýerilip, her bir maşgalada milli tagamlar taýýarlanylýar, gurbanlyk sadakalary berilýär. Olarda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň we tutuş adamzadyň parahat durmuşynyň we ýagty geljeginiň hatyrasyna alyp barýan beýik işleriniň elmydama rowaç bolmagy, ýurt abadançylygy hem-de halkymyzyň bagtyýarlygy üçin doga-dilegler edilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň yslam dünýäsiniň mukaddesliklerine zyýarat etmek, oraza tutmak ýaly yslam dininiň parz ýörelgelerini göwnejaý berjaý etmegi üçin döwlet tarapyndan ähli şertleriň döredilýändigi, hormatly Prezidentimiziň karary esasynda Gurban baýramy mynasybetli Türkmenistanyň raýatlarynyň uly toparynyň haj parzyny berjaý etmegi üçin zyýarata iberilmegi jemgyýetimiziň ruhy durmuşynyň baýlaşmagyna, her bir şahsyýetde ýokary ahlak häsiýetleriniň, watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent duýgularynyň kemala gelmegine oňyn täsir edýär.

Bütin durky bilen halallyga, arassa ahlaklylyga uýan ata-babalarymyz ynsanperwerligi, dost-doganlygy, hoşniýetliligi we ýagşylyk etmegi durmuş kadasyna öwrüpdir. Häzirki ajaýyp döwrümizde bu kadalar her bir maşgalanyň abadançylygynyň, tutuş jemgyýetimiziň agzybirliginiň girewi bolup hyzmat edýär.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Ynsanperwerlige çagyrýan goşgular
02.04.2024   376
Jemgyýet Rysgally ýyl
24.12.2024   357
Jemgyýet Ebedi dostlugyň dabaralanmagy
27.02.2025   267
Jemgyýet Möhüm wezipeler kesgitlenildi
28.03.2026   54
Jemgyýet Belent buýsanjyň nyşany
01.01.2025   271
Jemgyýet Tanyşdyrylyş dabarasy
20.12.2024   287
image