Hatarara bejergi geçirilýär
weather dashoguz 18° C Daşoguz

Hatarara bejergi geçirilýär

Ykdysadyýet
01.05.2024  381

Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynyň «Aşyk Aýdyň» daýhan birleşiginde birtekiz gögeren gowaçalaryň göni hatarlary bu gün göwünleri göterýär. Daýhan birleşiginiň pagtaçy kärendeçileri şu ýyl 1 müň gektar ýerde «ak altynyň» bereketli hasylyny Watan harmanyna goşmagy maksat edinýärler. Munuň üçin irki ekilen gowaçalaryň hatararalarynda ilkinji bejergi işlerini amala aşyrmaga guramaçylykly girişildi.

Hojanepes Batyrowyň ýolbaşçylygyndaky 1-nji, Jumageldi Esenowyň baştutanlygyndaky 2-nji toparlaryň kärendeçileri köp ýyldan bäri ýerden bol hasyl almagyň göreldesini görkezip gelýärler. Tejribeli pagtaçy kärendeçilerden Dädebaý Ilamanow, Hojaguly Derýaýew, Nurgeldi Seýitmedow we olaryň maşgala agzalary özleriniň kärende ýerlerinde ertirden agşama çenli gaýratly zähmet çekmek bilen, gowaçalary ýekelemek, hapa-haşal otlardan arassalamak babatda köplere görelde görkezýärler. Hatarlaryny gönülän gowaçalaryň hatarara bejergisiniň ýokary hilli geçirilmegi üçin Gulgeldi Hojageldiýew, Çary Amanow ýaly tejribeli mehanizatorlar yhlaslaryny gaýgyrmaýarlar. Olar hatarara bejergisi bilen birlikde, ýaş gowaçalary gapdallaýyn iýmitlendirmek işlerini hem utgaşykly amala aşyrýarlar. Kärine yhlasly mehanizatorlaryň tagallasy bilen, gowaçalaryň agrotehniki bejergisi öz wagtynda ýerine ýetirilýär. Oba hojalyk pudagynda zähmet çekýän adamlar üçin döredilip berilýän mümkinçiliklerden ruhlanýan daýhan birleşiginiň edermen pagtaçylary şu oba hojalyk ýylyny hem  uly zähmet üstünliklerine beslärler.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Bugdaý maýsalary iýmitlendirilýär
27.11.2024   327
Ykdysadyýet Daýhan yhlasyndan döreýän bol hasyl
12.08.2026   73
Ykdysadyýet Bereketli hasylyň binýady
11.04.2026   130
Ykdysadyýet Bugdaý ekişi ýokary depginde
23.09.2024   328
Ykdysadyýet Ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy
04.03.2026   149
Ykdysadyýet Belent harman ugrunda
04.11.2024   298
Ykdysadyýet Ýaşyl meýdanlardaky yhlasly zähmet
12.07.2025   259
image