Hasyla hasyl goşulýar
weather dashoguz 18° C Daşoguz

Hasyla hasyl goşulýar

Ykdysadyýet
19.08.2026  53

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dürli görnüşli oba hojalyk önümlerini öndürmekde diňe bir Şabat etrabynda däl, eýsem, Daşoguz welaýatynda iri hem-de öňdebaryjy hojalyklaryň biri hökmünde tanalýan Sadylla Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň kärendeçi daýhanlary «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan—bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda «ak altynyň» bol hasylyny ýetişdirmek maksady bilen, häzirki günlerde gowaça bejergisini ýokary depginde dowam etdirýärler. Şonda olar şu ýylyň baharynda tohum taşlanan 7500 gektar meýdanda oňat gögeriş gazanyp, bejergi işlerine öňdäkileriň hatarynda girişişleri ýaly, bu ugurda hem ähli zerur çäreleri ýokary hilli ýerine ýetirmäge çalyşýarlar. Şeýle agzybirlikli zähmetiň guwandyryjy netijeleri berýändigini bolsa häzirki wagtda paýdarlar jemgyýetiniň gowaça meýdanlaryna nazar aýlan adam bada-bat görüp bilýär.

Paýdarlar jemgyýetiniň zähmetsöýer babadaýhanlarynyň ene topraga yhlasynyň çäksizdigini şu giň atyzlardaky boýy ýeten, berdaşly şahalary gül-gunçalardan, saldamly köreklerden doly gowaçalar kemsiz subut edýär. Olaryň arasynda öz işleri bilen meşgul bolup ýören köp sanly kärendeçileriň, gowaçalaryň hatar aralaryny ýumşatmaga, goşmaça iýmitlendirmäge ýörite enjamlaşdyrylan traktorlaryň sazlaşykly hereketleri hem aýratyn ünsüňi çekýär.

— Häzirki günler gowaça bejergisinde aýgytly döwür bolýar — diýip, paýdarlar jemgyýetiniň «Nowruz» kärendeçiler toparynyň ýolbaşçysy, tejribeli daýhan, Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň eýesi Bahram Täjimuradow gürrüň berýär: — Sebäbi şu pursatda geçirilen çäreler gül-gunçanyň köpelmegine, körekleriň doluşmagyna, bir sözde aýdanymyzda, hasylyň berekediniň artmagyna oňaýly täsirini ýetirýär. Şonuň üçin hem biz häzir ähli gujur-gaýratymyzy şu aladalara gönükdirdik.

Tejribeli daýhanyň nygtamagyna görä, onuň ýolbaşçylyk edýän kärendeçiler toparynda pagtaçy daýhanlaryň 110-a golaýy bolup, olaryň garamagynda jemi 286 gektar gowaça meýdany bar. Şu wagta çenli şol ýerleriň ählisinde ekinlere ideg etmek boýunça bellenilen çäreleriň öz wagtynda talabalaýyk berjaý edilmegi olaryň bol hasyl toplamagyna mümkinçilik beripdir. Munuň özi şol meýdanlara gözegçilik edýän Farida Matsapaýewa, Ikram Kadyrow, Nyzameddin Ibragimow ýaly kärendeçi daýhanlaryň ýadawsyz zähmetiniň netijesi diýilse, örän dogry bolar.

— Ynha, häzir ýöriteleşdirilen traktorlaryň kömegi bilen gowaçalary ýapragyndan iýmitlendirmek çäresini geçirip ýören şu meýdanymyz bolsa toparymyzyň öňdebaryjy agzalarynyň biri hasaplanylýan Aýsoltan Romanowanyň ýeri bolmaly — diýip, Bahram Täjimuradow sözüni dowam etdirdi: — Görüp durşuňyz ýaly, jemi 4,5 gektardan ybarat bu meýdanyň gowaçalarynyň ýüki ýetik. Şu pursatda olaryň goşmaça iýmitlendirilmegi bolsa, ýaňy hem aýdyşymyz ýaly, hasylyň has-da bereketli bolmagyna uly ýardam berýär. Biz muny geçen ýyllardaky iş tejribämizden, gazanan netijelerimizden oňat bilýäris.

Hakykatdan hem, bu meýdanyň gowaçalarynyň tutuşlygyna ýüke durandygyna daşyndan synlanyňda-da göz ýetirmek kyn düşenok. Çünki bu ýerdäki berdaşly düýpleriň şahalaryndaky köpsanly gül-gunçalary hasaba almanyňda hem, olarda eýýäm ýetişen körekleriň 10 — 15-si düzülip otyr. Özem şonda gowaçanyň düýp şahalaryndaky bilen uç şahalaryndaky körekleriň deň derejede bolmagy aýratyn täsir galdyrýar.

Topar ýolbaşçysy bu meýdanda gowaçalary ýapragyndan iýmitlendirmäge kömek berýän mehanizator ýigit Şöhrat Hasanowyň öz kärine berlen, tabşyrylan işe diýseň yhlasly, jogapkärli çemeleşmegi başarýan ýigitdigini belledi. Ondan başga-da, bu toparda hatarara bejergisini geçirýän mehanizatorlar Hursand Jumaniýazowyň, Şöhrat Işmetowyň hem öz işlerine örän ezberdiklerini, şonuň bilen hem kärendeçi daýhanlaryň hoşallyklaryna mynasyp bolýandyklaryny aýtmak gerek.

Görnüşi ýaly, paýdarlar jemgyýetiniň gowaça meýdanlarynda, aýdylyşy ýaly, häzirki aýgytly günleriň gaýragoýulmasyz aladalary şeýle öndürijilikli, gyzgalaňly alnyp barylýar. Bu bolsa hojalygyň öňdebaryjy pagtaçy daýhanlarynyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň uly dabaralar bilen bellenilýän ýylyny hem özleriniň mynasyp zähmet üstünliklerine beslejekdiklerini alamatlandyrýar.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Şalyçylaryň zähmet üstünligi
25.11.2025   172
Ykdysadyýet Aýgytly günleriň aladalary
06.08.2024   332
Ykdysadyýet Gallaçylaryň armasy ýetirilýär
23.06.2026   100
Ykdysadyýet Suw bolçulygyna goşant
29.08.2024   333
Ykdysadyýet Pileçileriň yhlasly işleri
07.05.2024   347
Ykdysadyýet Asyryň taslamasy
29.10.2025   204
Ykdysadyýet Tokaý zolaklarynyň möhüm ähmiýeti
16.06.2025   259
image