Pagta hasylynyň ýygnalýan, daşalýan hem-de gaýtadan işlenilýän döwründe ýangyn howpunyň döremeginiň öňüni almak maksady bilen, welaýat Polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölümi şulary ýatladýar. Pagta ýygymyna gatnaşjak tehnikalaryň ýangyn howpsuzlyk düzgünlerine, ýangyna garşy göreş çäreleriniň geçirilmegine jogapkär adamlar sürüjileriň arasynda düşündiriş işlerini geçirmeli, tehnikalary hökmany ýagdaýda keçe, pil, çarşak, ot söndüriji enjamlar, olaryň tüsseçykarlaryny uçgun söndüriş enjamlary bilen göwnejaý üpjün etmeli. Tehnikalaryň sürtülýän, çendenaşa gyzýan ýerlerine pagta übtükleriniň düşmezligi üçin, olara mehanizatorlaryň öz wagtynda gözegçilik etmekleri zerurdyr.
Pagta açyk meýdançalarda, buntlarda saklanmaly. Buntlaryň ýangyna garşy araçäkleri otuz metr bolmaly. Pagta buntlaryna on metrden az bolan araçäkde mehanizasiýa enjamlaryny ýerleşdirmek, pagta harmanlarynyň çäginde awtoulag serişdelerine çalgy ýagyny, ýangyç guýmak, pagta ýükleýjileri näsaz ýagdaýda ulanmak, uçgun söndüriş enjamlary bolmadyk awtoulaglary harmanlaryň çägine goýbermek gadagan edilýär.
Awtoulaglaryň, traktorlaryň nowalarynyň üstüne ýüklenen pagtany syk dokalan mata bilen örtmezden daşamak, awtoulaglary, traktorlary uçgun söndüriş enjamy ýok halatynda ulanmak, üç sany tirkegden köp daşamak talabalaýyk däldir. Pagta saklanylýan ýerler ýangyna garşy suw çeşmeleri, ýangyn söndüriji awtoulaglar, suw sorujylar, ýangyn-tehniki serişdeler bilen doly üpjün bolmaly. Ýangyna garşy suw çeşmeleri hereket edýän kadalaşdyryjy düzgünnamanyň talaplaryna laýyk bolmaly. Suw çeşmeleriniň göwrümi ýangyn söndürilmegi üçin dyngysyz suw berilmegini üç sagatdan az bolmadyk wagtda üpjün etmäge laýyk gelmelidir.