Hasyl ussady bilen duşuşyk
weather dashoguz 15° C Daşoguz

Hasyl ussady bilen duşuşyk

Ykdysadyýet
29.09.2025  203

Golaýda TAP-nyň Daşoguz welaýat komitetiniň Türkmen oba hojalyk instituty bilen bilelikde guramagynda şu institutyň mugallymlarynyň, talyp ýaşlarynyň welaýatyň Şabat etrabynyň Sadulla Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň başlygy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Kamil Rozmetow bilen duşuşygy boldy.
 

Duşuşykda Türkmenistanyň  Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk şanly baýramynyň öň ýanynda «Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy» diýen belent ada mynasyp bolan Kamil Rozmetow öz durmuş hem-de zähmet ýoly, ýolbaşçylyk edýän paýdarlar jemgyýetinde ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmek babatda öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine mynasyp goşant goşmak ugrunda alnyp barylýan işler, gazanylýan üstünlikler hakynda giňişleýin gürrüň berdi.

Duşuşygyň dowamynda institutyň talyplary Kamil Rozmetow bilen özlerini gyzyklandyrýan ugurlar boýunça sowal-jogap alyşdylar. Şeýlelikde, bu duşuşyk oňa gatnaşanlarda ýakymly täsirleri galdyrdy.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Gowaça ekişiniň depgini ýokary
23.04.2026   143
Ykdysadyýet Geň galdyrýan ösümlikler
17.11.2025   235
Ykdysadyýet Sürüm işleriniň depgini ýokary
15.07.2026   107
Ykdysadyýet «Çeperiň» ilhalar önümleri
31.01.2025   323
Ykdysadyýet Möwsüme ykjam taýýarlyk görülýär
11.08.2026   95
Ykdysadyýet Bol hasyla ynam bilen
31.01.2023   411
Ykdysadyýet Hususy kärhananyň döwrebap işleri
29.05.2025   282
image