Hasyl toýuna
weather dashoguz 35° C Daşoguz

Hasyl toýuna

Ykdysadyýet
09.11.2024  350

Halal zähmetiň belent sarpasy

Her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde  ýurdumyzda Hasyl toýy uly dabaralar bilen bellenilýär. Daýhanyň ýadawsyz zähmetine, ene topraga, ondan öndürilýän bereketli hasyla goýulýan belent hormat-sarpanyň alamaty bolan bu guwanç-buýsançdan doly toý güni her bir ynsanyň kalbynda barha çuňňur orun alýar.

Ata Watanymyzyň ähli künjeklerinde, şol sanda Daşoguz welaýatynda bu ajaýyp baýramy saldamly zähmet sowgatlary bilen garşy almak asylly däp hasap edilýär. Şundan ugur almak bilen, edermen babadaýhanlarymyz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem bu ýörelgä köpçülikleýin eýerdiler. Olar öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli berjaý edilmegine mynasyp goşant goşmak maksady bilen gaýratly zähmet çekip, dürli görnüşli oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirdiler.

Ýylyň ilkinji hasyly bolan ak piläni ýetişdirmekde welaýatyň ýüpekçileriniň gazanan üstünligi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Çünki olar geçen ýüpek gurçuklaryny idetmek möwsüminde 507 tonnadan gowrak ýokary hilli piläni döwlet harmanyna tabşyryp, bu baradaky meýilnamany artygy bilen ýerine ýetirmegiň hötdesinden geldiler. Bu üstünlige Şabat etrabynyň S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň, Görogly etrabynyň «Aksaraý», Boldumsaz etrabynyň «Türkmenistan», Akdepe etrabynyň N.Andalyp adyndaky daýhan birleşikleriniň pileçi kärendeçileri has uly goşant goşdular.

Daşoguz welaýatynyň  gallaçy daýhanlarynyň şu ýylda ýeten belent sepgitleri-de hemmeleri guwandyrdy. Olar  145 müň gektar meýdandan 270 müň tonnadan gowrak guşgursak bugdaýy ýygnap, Watan harmanyna goşmagy başardylar. Munuň özi şertnamalaýyn borçnamanyň abraý bilen amal edilendigini aňladýar. Bu uly zähmet ýeňşinde Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň «27-nji oktýabr», Köneürgenç etrabynyň «Bereket», Boldumsaz etrabynyň «27-nji oktýabr», Şabat etrabynyň «Azatlyk» we beýleki onlarça daýhan birleşikleriniň zähmetsöýer gallaçylarynyň mynasyp paýlary bar. Şu möwsümde her gektardan 50 — 60 sentnerden geçirip galla hasylyny öndürmek bilen, köplere görelde görkezen kärendeçileriň köp bolandygyny bellemek gerek. Olaryň hatarynda Şabat etrabynyň S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetinden Sanabar Genjäýewa, Boldumsaz etrabynyň «Döwletli» daýhan birleşiginden Garrybaý Ataşow, Görogly etrabynyň «Ýagtylyk» daýhan birleşiginden Ogulnur Gylyjowa we beýlekiler bar.

Şan-şöhrata beslenýän şu ýylda welaýatyň pagtaçy, şalyçy, gök ekerançy daýhanlarynyň, bagbanlarynyň hem joşgunly zähmet çekendiklerini olaryň güýz paslynyň häzirki amatly günlerinde özleriniň gözegçilik edýän meýdanlarynda ýetişdiren hasyllaryny ýitgisiz ýygnamak bilen gazanýan netijeleri-de aýdyň tassyklaýar. Welaýatyň «ak altyn», şaly harmanlary barha beýgelýär. Munuň şeýle bolmagyna pagtaçy, şalyçy kärendeçileriň ençemesiniň mynasyp goşantlary bar. Olaryň arasynda döwlete «ak altyn», şaly tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirýän kärendeçileriň günsaýyn artýandygy örän guwandyryjydyr.

Elbetde, welaýatyň pileçileriniň, gallaçy, pagtaçy, gök ekrançy daýhanlarynyň ene topraga yhlaslaryny siňdirip gazanýan üstünlikleriniň gözbaşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmek, bu ugurda alnyp barylýan giň gerimli işlere öz goşantlaryny goşmak maksadynda janypkeşlikli zähmet çekýän kärendeçi daýhanlar, daýhan hojalyklarynyň agzalary üçin oňaýly şertleri döretmek babatdaky taýsyz tagallalarynyň, çäksiz goldawlarynyň durandygyny bellemek zerurdyr. Çünki  döredilýän giň mümkinçilikler daýhanlaryň göwünlerini galkyndyryp, has-da belent sepgitlere ýetmeklerine ýardam berýär.

Hasyl toýuňyz gutly bolsun, mähriban ildeşler!

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Şu günki alada — ertirki hasyl
15.01.2026   146
Ykdysadyýet Giň ýaýladaky zähmet joşguny
11.10.2025   183
Ykdysadyýet Ýeralmanyň bol hasyly
16.07.2026   55
Ykdysadyýet Ýokary hilli gowaça tohumy
22.01.2026   149
Ykdysadyýet Bereketli hasyl — belent sepgit
07.07.2026   56
Ykdysadyýet Yhlasly zähmetiň netijesi
14.05.2024   374
Ykdysadyýet Ykdysadyýetiň ösüşine goşant
19.11.2024   518
Ykdysadyýet Belent maksada eýerip
13.06.2025   228
image