Daşoguz welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Daşoguz welaýat bölüminiň hasabat ýygnagy geçirildi hem-de öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.
Maslahata welaýat zenanlar bölüminiň, şäher we etrap zenanlar guramalarynyň başlyklary, işjeň agzalary, hukuk we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, welaýatyň ähli pudaklarynyň ilkinji zenanlar guramalarynyň ýolbaşçylary we işjeň agzalary, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, sport ulgamlarynyň zenan işgärleri, mährem eneler gatnaşdylar.
Ýygnagy welaýat häkiminiň orunbasary, TZB-niň welaýat bölüminiň başlygy Ogulaltyn Çerkezowa açdy we döwlet derejesinde zenanlar barada edilýän uly aladalar, oňa welaýatyň zenanlarynyň tutanýerli zähmetleri bilen jogap bermäge çalyşýandyklary, olaryň gazanýan üstünlikleri dogrusynda uly buýsanç bilen belläp geçdi.
Soňra şäher, etrap zenanlar guramalarynyň başlyklary edara-kärhanalaryň ilkinji zenanlar guramalarynyň ýolbaşçylary, işjeň agzalary we beýlekiler çykyş edip, hasabat döwründe ýerine ýetirilen işler barada aýtdylar. Olar öz çykyşlarynda welaýatyň bagtyýar zenanlarynyň maşgala mukaddesligini gorap saklamagy, nesil terbiýesine uly üns bermegi, ahlak arassalygyny, edep kadalaryny, milli ýörelgelerimizi, el işlerimizi, däp-dessurlarymyzy yzygiderli wagyz edýändikleri, ýurdumyzda geçirilýän baýramçylyk çärelerine, dürli hünär bäsleşiklerine işjeň gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýandyklary dogrusynda belläp geçdiler.
Maslahatyň dowamynda welaýat, etrap, şäher zenanlar bölümleriniň işjeň agzalaryna, TZB-niň Daşoguz welaýat bölüminiň, TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň adyndan Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.