Hasabat ýygnagy
weather dashoguz 39° C Daşoguz

Hasabat ýygnagy

Jemgyýet
18.07.2026  57

Anyk wezipeler — täze üstünliklere ugur

Daşoguz welaýat häkimliginiň mejlisler eýwanynda şu ýylyň alty aýynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Daşoguz welaýat bölümi tarapyndan ýerine ýetirilen işlere seljerme bermek, şeýle hem öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak maksadynda, hasabat ýygnagy geçirildi. Oňa welaýat, şäher, etrap zenanlar guramalarynyň başlyklary, işjeň agzalary, Türkmenistanyň Mejlisiniň zenan deputatlary, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, welaýatyň pudak edaralarynyň ilkinji zenanlar guramalarynyň işjeň agzalary, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, sport ulgamlarynyň, senagat, gurluşyk hem-de oba hojalyk kärhanalarynyň zenan işgärleri, mährem eneler gatnaşdylar.

Ýygnagy Daşoguz welaýat häkiminiň orunbasary, TZB-niň welaýat bölüminiň başlygy Ogulaltyn Çerkezowa açyp, bagtyýar döwrümizde türkmen zenanlarynyň belent sarpa eýedigini, zenanlaryň jemgyýetde eýeleýän ornuny ýokarlandyrmak babatda gözel Diýarymyzyň halkara derejeli forumlaryň, maslahatlaryň geçirilýän mekanyna öwrülýändigini, şeýle işleriň zenanlaryň durmuşyna aýratyn mazmun çaýyp, döwre gatnaşygyny berkidýändigini, munuň olaryň täzeçil işlerinde aýdyň duýulýandygyny buýsanç bilen belledi. Şeýle hem olaryň asylly gylyk-häsiýetleriniň Galkynyşly döwrümize aýratyn ýaraşyk berýändigini, zenanlaryň taýsyz başarnyklary bilen döredýän el işleriniň Ýer ýüzüne ýaýylýandygyny, olaryň dürli ulgamlarda joşgunly zähmet çekmek, Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesli mynasyp terbiýeläp ýetişdirmek bilen, özleri hakda edilýän aladalara işjeňlik bilen jogap berýändiklerini nygtady.

Soňra welaýat zenanlar bölüminiň ýörite maksatnamasy esasynda geçen alty aýyň dowamynda alnyp barlan işler, olaryň netijeleri barada etrap zenanlar bölümleriniň başlyklarynyň, edara-kärhanalaryň ilkinji zenanlar guramalarynyň ýolbaşçylarynyň, işjeň agzalarynyň hasabatlary diňlenildi. Şeýle hem zenanlaryň arasynda zenanlar guramalary tarapyndan geçirilýän bäsleşikleriň olaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak, jemgyýet bilen gatnaşygyny berkitmek, zenanlaryň döwrüň ruhy bilen bitewüleşmegini üpjün etmek, milliligiň we döwrebaplygyň sazlaşygyny döretmek, halypa-şägirtlik ýolunyň mynasyp dowam etdirilmegini gazanmak babatda ähmiýetiniň uludygy nygtaldy.

Ýygnagyň dowamynda guramaçylyk meselelerine-de garaldy. Soňra «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň alty aýynda işjeňligi bilen tapawutlanan göreldeli zenanlara TZB-niň Daşoguz welaýat bölüminiň, TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Soňra guramanyň öňde durýan wezipelerini ýerine ýetirmek boýunça tabşyryklar berildi.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Ajaýyp şygryň nurly ýalkymy
17.01.2025   412
Jemgyýet Ruhy lezzet paýlady
05.08.2024   415
Jemgyýet Wagyz-nesihat çäresi
22.02.2025   355
Jemgyýet Gatnaşyklary berkitmegiň aýdyň ýoly
14.08.2025   230
Jemgyýet Rowaçlygyň mekany
02.10.2024   403
Jemgyýet Ak bugdaýyň Watany
03.02.2025   559
image