Hasabat-saýlaw ýygnaklaryna bagyşlandy
weather dashoguz 38° C Daşoguz

Hasabat-saýlaw ýygnaklaryna bagyşlandy

Jemgyýet
03.02.2026  134

Belli bolşy ýaly, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň kararyna laýyklykda, şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň hasabat-saýlaw ýygnaklary geçirilýär. Golaýda TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesi bu möhüm çäräniň welaýatyň edara-kärhanalarynda hereket edýän KA-nyň ilkinji guramalarynda geçirilişine bagyşlanan okuw maslahatyny gurady.

Okuw maslahatynda TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň pudaklar boýunça utgaşdyryjysy Mämmetdurdy Muhammedow, guramaçylyk we medeni-köpçülik işler bölüminiň esasy hünärmeni Güljemal Nazarowa, Daşoguz şäher hassahanasynyň KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy Allaberdi Sarykow, agrosenagat işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher geňeşiniň başlygy Gülruh Haljanowa we beýlekiler çykyş edip, welaýatyň pudaklarynda, edara-kärhanalarynda hereket edýän KA-nyň ilkinji guramalarynda hasabat-saýlaw ýygnaklarynyň barşy, olaryň talabalaýyk geçirilmegi üçin zerur bolan şertler, peýdalanylmaly gollanmalar hakynda gürrüň berdiler. Çykyşlardan görnüşi ýaly, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň ösüşinde KA-nyň ilkinji guramalarynyň saldamly goşandy bar. Hormatly Prezidentimiz olara uly ynam bildirip, öňlerinde möhüm wezipeleri goýýar. Şonuň üçin hem her bir guramanyň öz işini ýokary derejede alyp barmagy esasy talap bolup durýar. Hasabat-saýlaw ýygnaklarynyň guramaçylykly geçirilmegi hem şeýle derwaýys işleriň biridir.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Söz dünýäsine seýran
02.12.2025   142
Jemgyýet Watanyň daýanjy
03.06.2024   399
Jemgyýet Şanly toýa bagyşlanan maslahat
06.12.2025   142
Jemgyýet Taýagyň düşen ýeri
30.01.2026   109
Jemgyýet Möhüm çäreler guralýar
02.02.2026   108
Jemgyýet Bagtyýar çagalar bäsleşdiler
08.07.2026   44
Jemgyýet Taryhy geçmişiň şaýady
01.05.2026   79
image