TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň geňeşiniň degişli kararyna laýyklykda, ýanwar, fewral aýlarynda welaýatyň ähli pudaklarynda hereket edýän KA-nyň guramalarynda hasabat-saýlaw ýygnaklary, konferensiýalary işjeň ýagdaýda dowam edýär. Bu boýunça guramanyň etrap birleşmelerinde we pudaklaýyn geňeşlerde kararlar kabul edildi hem-de olary guramaçylykly geçirmek üçin jogapkär wekiller bellenildi. Hasabat-saýlaw ýygnaklarynyň geçirilmeginiň öňüsyrasynda KA-nyň ilkinji guramalarynyň ýolbaşçylary we işjeň agzalary bilen okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahatynda welaýatyň pudaklarynda, edara-kärhanalarynda KA-nyň ilkinji guramalarynda hasabat-saýlaw ýygnaklarynyň talabalaýyk geçirilmegi üçin zerur bolan şertler, peýdalanylmaly gollanmalar ara alnyp maslahatlaşyldy. Hasabat saýlaw ýygnaklarynda KA-nyň guramalarynyň durmuşynda bolup geçýän özgertmeler, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda öňde durýan wezipeler hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmak babatda maksatnamalaýyn wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada hasabatlar diňleniler. Ygtyýarlyk möhleti tamamlanan KA-nyň ilkinji guramalarynyň we derňew toparlarynyň başlyklarynyň hasabaty diňlenildi.