Hasabat konserti
weather dashoguz 9° C Daşoguz

Hasabat konserti

Medeniýet
20.05.2026  150

Daşoguz welaýat çagalar sungat mekdebinde Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň şu okuw ýyly boýunça hasabat konserti geçirildi. Oňa mekdebiň mugallymlarydyr talyp ýaşlary ýokary ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Konsertde birnäçe türkmen halk aýdym-sazlary we daşary ýurt kompozitorlarynyň eserleri ýerine ýetirildi.

Mekdebiň bagşylar ansamblynyň ýerine ýetiren «Ýaşa Arkadagly Gahryman Serdar», «Mukam» dutarçylar ansamblynyň ýerine ýetiren «Sataşdym» atly türkmen halk sazy, mekdebiň talyby Çeper Myratgulyýewanyň ýerine ýetiren «Hajygolak» diýen türkmen halk aýdymy, «Güneş» üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary orkestriniň ýerine ýetiren «Elwan güller», mekdebiň «Köneürgenç» hor toparynyň ýerine ýetiren «Gözel şäher Arkadag» ýaly çykyşlary tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn el çarpyşmalar bilen garşylandy.

 

Meňzeş habarlar

Medeniýet Halyçylar bäsleşdiler
13.05.2026   175
Medeniýet Döwrüň bagtyýar gül-gunçalary
17.03.2026   174
Medeniýet Ynsanperwerligiň beýik waspçysy
22.08.2024   619
Medeniýet Şanly ýylyň çeper waspy
07.05.2026   155
Medeniýet Döredijilik duşuşygy geçirildi
22.11.2024   555
Medeniýet Guwlar gelipdir...
21.05.2026   176
image