Harman barha beýgelýär
weather dashoguz 37° C Daşoguz

Harman barha beýgelýär

Ykdysadyýet
22.05.2024  319

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Watan harmanyna 500 tonna ýokary hilli pile goşmagy maksat edinip, tamamlanyp barýan ýüpek gurçuklaryny idetmek möwsüminde gaýratly zähmet çeken Daşoguz welaýatynyň  ezber ýüpekçi kärendeçileri şu günlerde ýetişdiren bereketli hasyllaryny ýitgisiz ýygnap, kabul ediş bölümlerine tabşyrmagyň depginini barha ýokarlandyrýarlar. Şeýlelikde, olaryň köp sanlysy özleriniň baglaşan şertnamalaýyn borçnamalaryny has artygy bilen berjaý etmegiň hötdesinden gelmek bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň bu ugurdaky giň gerimli goldawlaryna ajaýyp zähmet üstünlikleri bilen jogap berýärler.

Bu babatda Şabat etrabynyň S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň ussat ýüpekçileriniň gazanýan netijeleri has-da guwandyryjy. Munuň şeýledigini häzirki döwürde olaryň döwlet harmanyna gündelik goşýan pileleriniň mukdary hem doly tassyklaýar.

 Şu möwsümde tejribeli pileçileriň 817-si iş alyp bardylar. Şunlukda, olar 1315 guty ýaş gurçuklary gije-gündiziň dowamynda ýadawsyz idetmek bilen, irki möhletlerde diýseň saldamly pile hasylyny kemala getirdiler. Netijede, ony ýygnap almaklyga öz wagtynda girişilmegine şert döredildi. Häzirki günlerde bu işiň öndürijilikli alnyp barylmagy bilen pile harmany barha beýgelýär.

Hojalyklarda pile taýýarlamakda has tapawutlanýan ýüpekçiler az däl. Olardan Ruslan Kurbanbaýew, Barna Urazmetowa we beýlekiler 100 kilogramdan geçirip pile tabşyrdylar. Ýakyn günlerde Umida Täjibaýewa, Eziza Ryzaýewa dagynyň bolsa 550 — 600 kilogram piläni harmana goşjakdyklaryna olaryň ýetişdiren hasyly berk ynam döredýär.

Görnüşi ýaly, paýdarlar jemgyýetiniň agzybir ýüpekçileri ýetişdirilen pile hasylyny ýygnap, kabul ediş bölümine getirmekligi guramaçylykly alyp barýarlar. Olar şu möwsümde meýilnama boýunça 48 tonna ak piläni Watan harmanyna tabşyrmagy maksat edinýärler. Şu günler gazanylan netijeler bellenen sepgide abraý bilen ýetiljekdigini görkezýär.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Ýörite tehnikalaryň täze tapgyry
15.01.2026   134
Ykdysadyýet Möwsüme ykjam taýýarlyk
11.04.2026   90
Ykdysadyýet Gallaçylaryň armasy ýetirildi
28.06.2024   353
Ykdysadyýet Maldarçylykda jogapkärli döwür
01.04.2026   88
Ykdysadyýet Pagtaçy daýhanlaryň üstünligi
04.10.2024   267
Ykdysadyýet Döwrebap kärhananyň üstünlikleri
13.05.2023   352
Ykdysadyýet Gök önümleriň bolçulygy ugrunda
28.07.2025   220
image