«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny guwandyryjy zähmet üstünliklerine beslemegi maksat edinen Daşoguz welaýatynyň pagtaçylary atyzlardaky hasyly çalt hem-de ýitgisiz ýygnap, Watan harmanyna tabşyrmak ugrundaky aladalaryň depginini günsaýyn güýçlendirýärler. Olar ýurdumyzda ak-altynyň bol hasylyny ýygnap almak babatdaky işleriň berjaý edilmegine mynasyp goşant goşmaklyga döredilýän mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanmak bilen, gündelik ýokary netijeleri gazanýarlar.
Häzirki döwürde pagta ýygymyny guramaçylykly alyp barmak babatda welaýatyň Akdepe etrabynyň ezber babadaýhanlarynyň, olara zerur ýardamlary berýän adamlaryň bitirýän işleri-de bellenilmäge mynasypdyr. Olar şu günleriň amatly pursatlarynyň ähmiýetine, gadyr-gymmatyna oňat düşünmek bilen, ak hanalara bürenip oturan meýdanlarda hasyl ýygymynda, ony harmana daşamakda, bökdençsiz kabul etmekde gujur-gaýratlaryny gaýgyrmaýarlar. Munuň şeýledigine etrabyň daýhan birleşiklerinde ýygymyň barşy bilen tanyş bolanyňda, kabul ediş bölümlerine barýan, ak pagtadan ýüki ýeten ulaglary göreniňde anyk göz ýetirmek bolýar.
Etrabyň Rejepguly Ataýew adyndaky daýhan birleşiginiň ekin meýdanlarynda, ýollarynda hem bu görnüşlere syn etmek, pagtaçylaryň, mehanizatorlaryň agzybirlikli, işjeň hereketlerine gabat gelmek kyn däl. Sebäbi olar şu ýylyň başyndan bäri yhlasly, arkalaşykly çeken zähmetleri bilen kemala getirilen bereketli hasyly öz wagtynda ýygnap almagyň aladasy bilen ýaşaýarlar.
Daýhan birleşiginiň baş agronomy Meretmämmet Amanowyň aýtmagyna görä, şu ýyl bu hojalykda 1500 gektar meýdanda ähli derwaýys çäreleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmegi bilen, oňat pagta hasyly ýetişdirilipdir. Şunlukda, ony çalt ýygnap almak boýunça taýýarlyk işlerine ýeterlik üns berlip, oňa irki möhletlerde girişilipdir. Şonuň netijesinde, birleşikde pagta ýygymynyň depgini bada-bat ýokary göterilipdir. Munuň şeýledigine kärendeçiler toparlarynyň haýsy biriniň gowaça meýdanlaryna barsaň hem şaýat bolmak mümkin. Şonda Oraz Öräýewiň, Röwşen Babaýewiň ýolbaşçylygyndaky 12,13-nji kärendeçiler toparlarynyň agzalarynyň has-da oňat görelde görkezýändiklerini bellemek bolar.
Birleşikde öňdebaryjylaryň hatarynda ady agzalan, Röwşen Babaýew tarapyndan baştutanlyk edilýän kärendeçiler toparynda şu ýyl 194 gektar meýdanda gowaçanyň bol hasylyny kemala getirmek boýunça derwaýys işler geçirilendir. Toparyň agzalarynyň ýadawsyz zähmetleriniň oňat netijeleri berendigini häzirki wagtda olaryň kärende meýdanlaryndaky bitgin düýpler, olaryň şahalaryny dolduryp duran, açylan gozalar, ýetişen köp sanly körekler hem subut edýär. Bu ýerde pagta ýygymyny öndürijilikli alyp barýan Orazmämmet Babaýew, Guwanç Ämedow ýaly kärendeçi daýhanlaryň yhlasynyň bol hasyla öwrülendigi olaryň atyzlarynyň özleri aýdyň görkezýär.
Şeýle yhlasly kärendeçileriň tagallalary bilen birleşikde ähli hasylyň ýitgisiz ýyglyp, döwlet harmanyna tabşyrylmagyna şert döredilýär.