Halypany hatyralap
weather dashoguz 40° C Daşoguz

Halypany hatyralap

Medeniýet
13.04.2024  583

Sözüň, sazyň gudratyna sarpaly eziz Diýarymyzda milli medeniýetimizi gülledip ösdürmäge aýratyn uly goşant goşan halypalaryň hatyrasy belent tutulýar. Daşoguz welaýatynyň Gubadag şäher medeniýet merkezinde milli aýdym-saz sungatymyzyň ägirdi, Türkmenistanyň halk bagşysy, «Gaýrat» medalynyň eýesi Akjagül Myradowanyň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly dabara geçirildi. Onda halypa bagşynyň şägirtleri, ussat zenan bagşylar çykyş etdiler. Çykyşlarda Akjagül Myradowanyň milli aýdym-saz sungatymyza goşandy, ýerine ýetirijilik ussatlygy hakynda täsirli söhbet edildi.

Akjagül Myradowanyň döredijiligi milli aýdym-saz sungatymyzda zenan bagşylar üçin özboluşly mekdep bolup durýar. Onuň ussatlyk mekdebinde kemala gelen ençeme zenan bagşylar bu günki gün kämilleşip, ussatlyga ýetişdiler. Akjagül Myradowanyň şägirtleriniň, ussat zenan bagşylarymyzyň, şeýle hem welaýatymyzyň birleşen zenan bagşylar toparynyň belent perdelerde ýerine ýetiren aýdym-sazlary dabara gatnaşanlara ruhy lezzet paýlady. Halypa bagşynyň aýdymlarynyň şägirtleri tarapyndan döwrebap derejede ýerine ýetirilmegi has-da täsirli boldy. Dabara mynasybetli Daşoguz şäheriniň Bagşylar muzeýiniň sergisi hem guraldy.

Meňzeş habarlar

Medeniýet Bagşyly il ozar
12.05.2025   410
Medeniýet Täze taryhy döwrüň medeni galkynyşy
30.06.2025   298
Medeniýet ​​​​​​​Zehinlä zowal ýok
09.07.2026   64
Medeniýet Milli däbim — mertebäm
30.03.2024   560
Medeniýet Şahandazdyr gözel ili türkmeniň
25.08.2025   260
Medeniýet Baş baýramyň şanyna
01.10.2024   509
Medeniýet Peder ýoly dowamat-dowam
12.02.2026   173
Medeniýet Gül Diýaryň belent waspy
25.05.2024   536
image