Halypa tüýdükçi bilen duşuşyk
weather dashoguz 16° C Daşoguz

Halypa tüýdükçi bilen duşuşyk

Jemgyýet
26.02.2025  355

Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň bagşylar muzeýinde 94 ýaşy arka atan halypa tüýdükçi, sazanda hem-de tüýdük ussasy Bally Kadyrow bilen döredijilik duşuşygy geçirildi. Döredijilik duşuşygyna muzeýiň işgärleri gatnaşdylar. Duşuşykda halypa tüýdükçi özüniň ömür ýoly, tüýdük ýasamagyň usullary we bu saz guralyny çalmagy çopançylyk edýän wagtlary öwrenendigi barada gyzykly gürrüň berdi.

Halypa tüýdükçi gargy, dilli, goşa dilli tüýdükleri ýasamagyň ussady. Duşuşygyň dowamynda ol özüniň ýasan tüýdüklerinde birnäçe sazlary çalyp berdi. Halypa tüýdükçi diňe bir tüýdükde saz çalman, eýsem, dutarda hem türkmen halk sazlaryny ýerine ýetirýär. Şeýle-de halypa tüýdükçi özüniň ýasap getiren iki sany gargy tüýdügini, tüýdügiň täsin görnüşleriniň biri bolan goşa dilli tüýdügini hem-de özüniň çeper döredijiliginden dörän gamyşdan ýasalan Günüň şekilini muzeýe sowgat berdi.

Duşuşygyň dowamynda halypa tüýdükçi özüniň sylagly hünäriniň inçe syrlaryny, usul-tärlerini şägirtlerine irginsiz öwredýändigini aýtdy.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Zenan saglygy ugrunda
23.02.2023   493
Jemgyýet Dünýä rekordyny täzelän ildeşimiz
04.10.2024   351
Jemgyýet Baky bagtyň binýady
27.08.2026   58
Jemgyýet Döwrüň rowaçlygy
26.07.2025   244
Jemgyýet Paýhas hazynasy
13.08.2026   90
Jemgyýet Gymmatly ruhy-hazyna
02.01.2026   187
image