Halypa-şägirtlik ýörelgesine eýerip
weather dashoguz 21° C Daşoguz

Halypa-şägirtlik ýörelgesine eýerip

Jemgyýet
05.07.2024  173

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda zenanlaryň işjeňligini has-da artdyrmak, milli gymmatlyklarymyzy giňden ýaýmak, görelde mekdebini ösdürmek, ýaş gelin-gyzlaryň el işlerine höwesini pugtalandyrmak maksady bilen, golaýda «Halypa-şägirtlik ýörelgesi — milli gymmatlyklary ösdürmekde uly mekdep» atly şygar astynda duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Daşoguz welaýat bölüminiň hem-de «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde guramaklarynda welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde geçirilen duşuşyga mährem eneler, el işleri bilen meşgullanýan gelinler, körpeje gyzlar gatnaşdylar.

Ak öýüň durşy bilen millilige beslenen owadan görnüşlerinden mazmun alyp geçen duşuşykda halypa-şägirtlik ýörelgesi öz beýanyny tapdy. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň käbesi Ogulabat ejäniň, Türkmenistanyň Prezidentiniň käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowanyň inçeden nepis el işleri babatdaky ajaýyp göreldeleriniň bu günki gün her bir türkmen zenany üçin mukaddes ýörelgä öwrülendigi, milli gymmatlyklarymyzy ösdürmek, dünýä ýaýmak babatda uly işleriň alnyp barylýandygy barada özara pikir alşyldy.

El işleriniň gadymy nusgalary barada rowaýatlar, tymsallar, aýtgylar gürrüň berildi. Işe başlamagyň, işi doly tamamlamagyň dessurlary, olar bilen bagly yrymlardyr ynançlar hakda hem bellenip geçildi. Bu ugurda köp tejribesi bolan eneler ýaş gelinlere el işleriniň inçe ýollary dogrusynda hem maslahatlaryny berdiler. Körpeje gyzjagazlaryň başarnyklaryna hem aýratyn ähmiýet berildi. Baý many-mazmunly geçen duşuşyk ene-mamalarymyzdan miras bolup şu günlerimize gelip ýeten milli gymmatlyklarymyzyň ýene-de dowamat tapyp, giňden rowaçlanýandygyny doly açyp görkezdi.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Milli mirasyň buýsançly waspy
17.10.2024   137
Jemgyýet Gyrgunan
30.12.2024   91
Jemgyýet «Ekologik medeniýet» atly festiwal
11.11.2024   112
Jemgyýet Bagtyýar ýaşaýşyň kepili
25.07.2024   138
Jemgyýet Rysgally ýyl
24.12.2024   117
Jemgyýet Bilimden paýly nesiller
02.09.2024   190
Jemgyýet Möhüm möwsümiň bosagasynda
27.05.2024   162
image