Halypa-şägirtlik ýoly
weather dashoguz 27° C Daşoguz

Halypa-şägirtlik ýoly

Jemgyýet
12.01.2026  83

Bedew batly ösüşlere beslenýän eziz Diýarymyzda geljegimiz bolan ýaş nesil uly aladalar bilen gurşalandyr. Ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesliň bilimli, ylymly, Watanymyza, jemgyýetimize wepaly adamlar bolup ýetişmegi hem-de ata-baba dowam edip gelýän milli, ruhy gymmatlyklaryň esasynda terbiýelenmegi we saýlap alan hünärleriniň mynasyp eýeleri bolmagy ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan pederlerimiziň milli ýol-ýörelgeleriniň içinden ýaş nesli terbiýelemegiň meseleleri, edim-gylymlary eriş-argaç bolup geçýär.

Ýaşlaryň saýlap alan hünärleriniň eýeleri bolup ýetişmegi üçin halkymyzyň ruhy-ahlak ýoly hasaplanýan halypa-şägirtlik ýolunyň dowam etdirilmeginiň ähmiýeti örän uludyr. «Ýigide müň dürli hünär hem azdyr», «Şägirt halypadan ozdurmasa, kär ýiter», «El hünäri — il gezer», «Hünärli kişi hor bolmaz», «Şägirtsiz ussat — miwesiz daragt», «Ussat gören şägirt her ädimde ýorgalar» ýaly çeper aýtgylarda ýaşlaryň hünärlilik taýdan ussat bolup ýetişmegi ündelýär. Halypa-şägirtlik ýoly dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde hem ör boýuna galýar.

Ajaýyp döwrümizde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli medeniýetiň, sungatyň, senediň, hünäriň ýitmezligi üçin şägirtleri ýetişdirmäge uly üns berlip, köp işler durmuşa geçirilýär. Aslynda, uzak ýola gidilende, hünär öwrenilende ýa-da bir döwletli işiň başy başlananda, toýlarda, ilki bilen, ýaşululardan, halypalardan ak pata alynýar. Munuň özi halkymyzyň aňyna siňen gowy edim-gylymlaryň biri hasaplanylýar. Galyberse-de, bu ýol-ýörelge täze zehinleriň ýüze çykmagynda ähmiýeti uludyr. Göz-guwanjymyz bolan ösüp gelýän ýaş nesliň ukyp-başarnygyny ýüze çykarmakda, olaryň zehinleriniň taplanmagynda, kämilleşmeginde halypalaryň ýol-ýörelgeleri, goldawlary örän wajypdyr.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Beýik işleriň rowaçlanýan döwri
18.02.2026   57
Jemgyýet Edepli  ile ýarar
17.02.2025   299
Jemgyýet Täze awtobuslar — ajaýyp toý sowgady
06.06.2024   579
Jemgyýet Ajaýyp şygryň nurly ýalkymy
17.01.2025   360
Jemgyýet Baýramçylyk joşguny
27.12.2024   287
Jemgyýet Taryhy geçmişiň şaýady
01.05.2026   32
image