Halypa göreldesi — ýaşlara ýörelge
weather dashoguz 16° C Daşoguz

Halypa göreldesi — ýaşlara ýörelge

Jemgyýet
05.05.2025  337

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň saglygy, abadançylygy baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler muňa aýdyň şaýatdyr.

Ýakynda Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň Andalyp şäher hassahanasyna lukmançylyk orta okuw mekdeplerini tamamlan ýaş hünärmenleriň birnäçesi işe geldi. Hassahanada işe başlan ýaş hünärmenler işleýän ugurlary boýunça köp ýyllardan bäri asylly zähmeti bilen halkyň arasynda tanalýan Zulaýha Mätýakubowa, Maýa Guzyçyýewa, Rozumbaý Rejepow, Annamämet Saparow ýaly halypa lukmanlara berkidildi.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bütin dünýäde ynsan saglygyny ähli zatdan belentde tutýan döwlet hökmünde tanalýar. Şoňa görä-de, saglyk ulgamynyň işgärleri her bir maşgalanyň saglygyny goramakda, keselleriň öňüni almakda döredilip berilýän giň mümkinçiliklerden peýdalanyp we ruhlanyp, her bir ynsanyň bagtyýarlygyny, saglygyny goramak ugrunda ýadawsyz zähmet çekýärler.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Gymmaty egsilmejek hazyna
16.10.2025   180
Jemgyýet Okuw maslahaty geçirildi
30.12.2025   220
Jemgyýet Öz hünäriniň ussady
22.01.2025   422
Jemgyýet Gadamlaryň batly bolsun, «Galkynyş!»
19.03.2026   144
Jemgyýet Göwünleri nurlandyrýan bedewler
15.04.2026   119
Jemgyýet Şanly ýylyň dabaralanmagy
24.01.2025   348
Jemgyýet Hemişe ýüregiňi diňle!
03.10.2025   205
image