Halkyň kalbynda gowulygyň, merdanalygyň hemişelik köräp duran közüne öwrülen Göroglyny asyrlardan-asyrlara aşyryp, şu günki nesillere ýetiren Pälwan bagşynyň doglan gününiň 135 ýyllygy mynasybetli, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň bagşylar muzeýinde halypa bagşynyň ýoluny dowam etdirýän şägirtleri bilen Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň bagşy-sazandalarynyň duşuşygy geçirildi.
Duşuşyga gatnaşan myhmanlar Pälwan bagşynyň ömür ýoly, onuň has aňyrdan gaýdýan dessançylyk ýoly barada gyzykly hem täsirli gürrüň berdiler.
Görogly etrabynyň Temeç obasynda ýaşap geçen Hoja bagşynyň neberelerinden bolan Pälwan bagşy 1890-njy ýylda eneden bolýar. Aýdym-saz sungatynyň kämilleşmegi üçin özüniň mynasyp goşandyny goşan Pälwan bagşydan 1937-nji ýylda meşhur «Görogly» şadessanynyň on dört şahasyny ýazyp alýarlar. Pälwan bagşynyň kakasy Ata bagşy «Görogly» şadessanynyň 25, onuň kakasy Atanazar 33, onuň kakasy Goç bagşy 44 şahasyny bilýän eken.
Duşuşykda meşhur Pälwan bagşynyň çowlugy, häzirki wagtda Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň türkmen milli saz gurallary bölüminiň talyby Atamyrat Pälwanowyň öz atasy Pälwan bagşynyň milli aýdym-saz sungatymyza goşan goşandy, ýerine ýetirijilik ussatlygy, şägirtleri, halypanyň durmuş ýoly we sungaty baradaky gyzykly gürrüňleri dabara gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Ol duşuşygyň dowamynda «Daglara», «Hatyrjem bolgun» atly türkmen halk aýdymlaryny we «Ýaşylbaş», «Teşnit» ýaly birnäçe türkmen halk sazlaryny ýerine ýetirip berdi.