Halypa bagşylara bagyşlandy
weather dashoguz 18° C Daşoguz

Halypa bagşylara bagyşlandy

Medeniýet
13.09.2025  311

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň meýilnamasyna laýyklykda, Daşoguz welaýat Medeniýet müdirliginiň guramagynda Pälwan bagşynyň, Türkmenistanyň at gazanan bagşylary Palta Garaýewiň we Sülgün Meretgeldiýewanyň ömür-döredijiligine bagyşlanan «Görogly eposy ussat dessançylaryň aýdym-saz hazynasynda» atly ylmy-amaly maslahat we konsert geçirildi. Daşoguz şäheriniň «Bagtyýar zaman» medeniýet öýünde geçirilen maslahata il sylagly ýaşulular, medeniýet we sungat işgärleri bagşy-sazandalar ýokary ruhubelentlik bilen gatnaşdylar.

Maslahatda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygynyň orunbasary Ogultäç Hojanazarowa, Daşoguz şäheriniň bagşylar muzeýiniň direktory Begenç Haknazarow, Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň mugallymlary Myrat Halbaýew, Şirin Allabaýewa, halypa bagşy Palta Garaýewiň agtygy, gyjakçy Muhammet Tuwakow dagy çykyş etdiler. Olar çykyşlarynda ýurdumyzyň tanymal bagşylary Pälwan bagşynyň, Palta Garaýewiň hem-de Sülgün Meretgeldiýewanyň ömür ýollary we döredijiligi barada giňişleýin gürrüň etdiler. Halypa-şägirtlik ýolunyň ýaşlar üçin uly mekdep bolup durýandygyny hem nygtap geçdiler. Bu babatda zehinli dessançy bagşylarymyzyň ýetişdiren şägirtleri barada hem aýdyldy.

Maslahatda Türkmenistanyň halk artisti Almagül Nazarowa «Saýatly-Hemra» dessanyndan bir parça, Türkmenistanyň at gazanan artisti Sabyr Sabyrow «Görogly» şadessanynyň «Öwez öýlenen», Öregeldi Mätgeldiýew «Öwez getiren»,  Aşyrbaý Hydyrow «Bezirgen», Wepa Nurmuhammedow «Göroglynyň öýlenişi» şahalaryndan bir parça, Pälwan bagşynyň çowlugy Atamyrat Pälwanow «Ýatlama» sazyny hem-de Türkmenistanyň at gazanan artisti Bibinur Aşyrowa hem «Görogly» şadessanyndan bir parçany ýerine ýetirdiler.

 

Meňzeş habarlar

Medeniýet Watanyň waspçy gyzy
13.01.2025   513
Medeniýet Guwlar gelipdir...
21.05.2026   141
Medeniýet Baş baýramyň şanyna
01.10.2024   529
Medeniýet Ynsanperwerligiň beýik waspçysy
22.08.2024   584
Medeniýet Ýüreklerde orun alan şahyr
30.04.2024   569
image