Medeni mirasyna uly sarpa goýup, nesilden-nesle geçirip gelýän halkymyzda edim-gylymlara aýratyn üns berilýär. Her işiň başy başlananda ýagşy dilegler edilip, yrymlar ýerine ýetirilýär. Haly ýüwürdilende hem ýörite ýerine ýetirilýän yrymlar bar.
Türkmen gelin-gyzlary täze haly dokap başlanlarynda, ýaşy uly zenanlar gelip: «Işiňiz ileri!» diýip, ýagşy dilegler edýärler. Halyçy gelin-gyzlar bolsa: «Ýaşyňyz uzak!» diýip, ýagşy dileg edene uzak ýaş arzuw edýärler. Halyçylar halynyň gölüni dokap başlaýançalar känbir gelim-gidime ýol bermeýärler. Göle düşenden soň: «Göle düşdüm — ýola düşdüm» diýip, halyny gyzgalaňly dokap başlaýarlar. Olar göle düşenlerinden soňra:
Basymjak bitirerden,
Gözümizden ýiterden,
Uçar guşuň ganaty,
Ýüwrük atyň toýnagy —
diýip: «Ýüwrük atyň ýyndamlygy ýaly, halymyz çalt bitsin!» diýip, niýet edipdirler. Her göli dokamaga başlanlarynda gelin-gyzlarymyz yrym edip:
Almajyg-a almajyk,
häli-şindä galmajyk —
diýip, gölüni basym bitirmek üçin biri-biriniň gulagyndan çekýärler.
Haly kesmek bilen bagly milli däp-dessurlar hem bar. Göl gutarandan soňra, halynyň göni çykmagy, dokap oturanlaryň ýadamazlygy üçin üme edilipdir. Dokalyp tamamlanan haly kesilende garyndaşlary, joralary: «Gözüň aýdyň!» diýip, halyçylary gutlaýarlar. Gutlamaga gelenlere halynyň erşinden paýlap berýärler. Olar bolsa şol sapaklary yrym edip maňlaýlaryna dakýarlar. Şeýtmek bilen, kellagyra nepi degýär diýen ynama uýýarlar. Däp bolşy ýaly haly kesilende, görmäge, gutlamaga gelenler ýerli-ýerden halynyň dokma guramasyny «küjüsini» çykaryşýarlar. Şeýlelik bilen, sogap gazanýarlar diýen düşünje halk arasynda ýaşap gelýär.