Halyçy zenanlaryň bäsleşigi
weather dashoguz 23° C Daşoguz

Halyçy zenanlaryň bäsleşigi

Jemgyýet
14.05.2025  313

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda giňden bellenilip geçilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli, halyçy gelin-gyzlaryň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmek, olarda zähmetsöýerligi, zenan edebine mahsus bolan asylly häsiýetleri terbiýelemek, halyçylyk sungatyna bolan höweslerini artdyrmak maksadynda Türkmenistanyň «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň TZB-niň Merkezi geňeşi, TKA-nyň Milli merkezi  bilen bilelikde yglan eden «Syrlar siňen nepislik» atly bäsleşiginiň Daşoguz welaýat tapgyry geçirildi. Bäsleşige welaýatyň şu ulgama degişli edara-kärhanalarynda göreldeli zähmet çekýän halyçylar gatnaşdylar.

Bäsleşige gatnaşan halyçy gelin-gyzlar onuň «Syrlardan dokalan gözellik», «El bilen döredilen gudrat», «Zenan daragtdyr» diýen şertlerinde bellenenleri ökdelik bilen ýerine ýetirmäge çalyşdylar. Olaryň barşynda halyçy zenanlaryň guran haly we haly önümleriniň sergilerine, Gahryman Arkadagymyzyň «Janly rowaýat» atly kitabyndan ugur alnyp, haly önümleriniň görnüşleri, olaryň manylary, tebigy reňkleriň, ýüň ýüplükleriň taýýarlanylyşy baradaky bilimlerine, türkmen zenanlarynyň gözelligi, maşgala mukaddesligi hakyndaky rowaýatlary, yrymlary dil hem-de çeper sahna üsti bilen beýan edişlerine we beýleki aýratynlyklaryna baha berildi.

Eminleriň gelen netijesine görä, Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň Gubadag haly önümhanasynyň halyçylary Mährijemal Atalowadan hem-de Sapargül Saparklyçewadan ybarat topar 1-nji, Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň haly önümhanasynyň halyçylary Saparbibi Arazmyradowadan hem-de Sahra Şamedowadan ybarat topar 2-nji, Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň Boldumsaz haly önümhanasynyň halyçylary Oguljan Garlyýewadan we Gülbahar Ilmedowadan ybarat topar 3-nji orna mynasyp boldular. Bäsleşigiň ýeňijilerine ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Birinji orny eýelän topar bäsleşigiň ýakynda, Türkmen halysynyň baýramynyň öň ýanynda paýtagtymyzda geçiriljek döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Bagtyýarlygyň binýady
02.09.2025   173
Jemgyýet Wagyz-nesihat çäresi
10.07.2025   305
Jemgyýet «Hemedan daş bolsa...»
05.11.2025   141
Jemgyýet Hoşallyga beslenen dabara
19.01.2026   72
Jemgyýet Watanyň bagtyýar nesilleri
24.05.2024   391
Jemgyýet Gözel tebigatyň goragynda
08.04.2024   381
Jemgyýet Sagdyn geljegiň binýady
23.10.2024   349
image