Halyçy zenanlaryň bäsleşigi
weather dashoguz 31° C Daşoguz

Halyçy zenanlaryň bäsleşigi

Medeniýet
24.04.2024  639

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň «Türkmenhaly» döwlet birleşigi bilen bilelikde guramaklarynda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda giňden belleniljek Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli çeper halyçylyk kärhanalarynda, öýde we dürli ugurda zähmet çekýän çeper elli halyçy gelin-gyzlaryň arasynda «Türkmen halysy — milli buýsanjymyz» atly bäsleşik geçirildi.

Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki «Bedew» toý mekanynda geçirilen bu bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, halyçy zenanlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gyz-gelinler üçin görelde mekdebine öwrülen Türkmenistanyň at gazanan halypa halyçysy Ogulgerek Berdimuhamedowanyň täsin amaly-haşam sungatynyň nusgalaryndan ugur alyp, haly we haly önümleriniň sergisini guramak bilen, öz saýlap alan hünäriniň häzirki nesillere gelip ýetişi barada, Gahryman Arkadagymyzyň «Janly rowaýat» hem-de «Arşyň nepisligi» atly kitaplary bilen baglanyşdyryp, milli ruhy gymmatlyklarymyza, ata Watanymyza, ajaýyp halylarymyza bolan söýgüsini, buýsanjyny milli däp-dessurlarymyza laýyklykda çeper sözler bilen wasp etdiler. Şeýle hem haly önümleriniň görnüşleri, olaryň manysy, tebigy reňkleriň hem-de ýüň ýüplüginiň taýýarlanylyşy barada şahyrana çeper sözler bilen gürrüň berdiler.

Gyzykly geçen bäsleşikde ýeňijiler saýlanyp, olar bu bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Ýeňijilere we bäsleşige gatnaşanlara TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň sowgatlary gowşuryldy.

Bäsleşigiň dowamynda welaýatyň medeniýet we sungat işgärleriniň aýdym-sazly çykyşlarynyň, owadan tanslarynyň giňden ýaýbaňlandyrylmagy şatlykly pursatlara joşgun eçildi.

Meňzeş habarlar

Medeniýet Çarwa ýörelgesi
25.03.2024   1134
Medeniýet Halkymyzyň buýsanjy
25.10.2023   879
Medeniýet Ýüreklerde orun alan şahyr
30.04.2024   477
Medeniýet Dürli daňylar
10.10.2023   503
Medeniýet «Ýaňlan, Diýarym! — 2025»
03.06.2025   487
Medeniýet Halypa bagşylara bagyşlandy
13.09.2025   199
Medeniýet Jöwen diňi
20.11.2022   1612
image