Halkyň seždegähi beýik Pyragy, sarpasy belentdir, röwşen çyragy
weather dashoguz 13° C Daşoguz

Halkyň seždegähi beýik Pyragy, sarpasy belentdir, röwşen çyragy

Medeniýet
12.03.2024  65

Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň milli şahyry bolmak bilen bir wagtda, bütin adamzadyň akyldar şahyrydyr. Magtymgulyny okan her bir adam onuň şygyrlarynda türkmen halkynyň ynsanperwer ýörelgelerini we tutuş ynsanyýete degişli taglymatlary görüp bilýär. Şonuň üçin-de halkymyzyň we bütin adamzadyň Magtymguly Pyraga bolan söýgüsi çäksizdir. Akyldar şahyryň şan-şöhraty Garaşsyz Watanymyzyň täze taryhy eýýamynda has belende göterildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda beýik akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň diňe biziň ýurdumyzda däl, dünýäniň ençeme döwletlerinde uly dabara bilen belleniljekdigi bizi diýseň begendirýär. Halkymyz öz akyldar şahyrynyň sarpasyny hemişe belent saklap gelýär. Ýurdumyzyň bir etrabyna, Aşgabat şäherindäki iň baýry okuw jaýlarynyň biri bolan Türkmen döwlet uniwersitetine, paýtagtymyzdaky sazly drama teatra, Türkmenistanyň Ýaşlar guramasyna, uzak saparlarda gezýän uly gämä, şäherlerimiziň ajaýyp şaýollaryna, obalarymyzyň iň gözel köçelerine, daýhan birleşiklerine söz ussadynyň ady dakyldy. Magtymguly Pyragy bilen watandaş bolmagyň begenç duýgusy, ady dakylan okuw jaýynda okamak ýa-da jemgyýetçilik gurama agza bolmak, akyldaryň ady bilen baglanyşykly ýerde zähmet çekmek, mahlasy, onuň jany-teni bilen söýen, arzuw eden ýurdunda ýaşamak biziň her birimiz üçin tükeniksiz bagtdyr.

Geçen asyryň segseninji ýyllarynyň başlarynda Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda täze döredilen daýhan birleşikleriniň birine beýik akyldaryň ady dakyldy. Bu daýhan birleşiginiň guýmagursak daýhanlary uzak ýyllar ýerden bereketli hasyl almakda köplere görelde görkezip geldiler. Ilki döredilende 4 topary özüne birleşdiren we 40 hojalykdan ybarat bolan daýhan birleşigi soňra milli baýlygymyz bolan «ak altynyň» 5 müň tonnadan gowragyny döwlete tabşyryp, ýurdumyzyň iň adygan hojalyklarynyň birine öwrüldi. Oba zähmetkeşleri bu gazanylan üstünlikleriň gözbaşyny çekilýän halal zähmet, şeýle hem daýhan birleşigine akyldar şahyryň adynyň dakylmagy bilen baglanyşdyryp düşündirýärler. Olar daýhan birleşiginiň Magtymgulynyň adyny göterýändigine buýsanýarlar. Onuň sähetli gün düýbi tutulyp, halkyň uly ynanjyny gazanan şahyrynyň özlerine gaýypdan pata berendigine ynanýarlar. Daýhan birleşigi ilki açylandan başlap, oňa 20 ýyllap ýolbaşçylyk eden, häzir segseniň onuny tegelän tejribeli oba hojalykçy Hudaýberdi Orsmyradow 1982-nji ýylyň ýanwar aýynda düýbi tutulan hojalyga halkyň teklibi bilen Magtymgulynyň adynyň dakylandygyny ýatlaýar. Şol döwrüň ýaşuly nesliniň wekilleri, etrap, welaýat ýolbaşçylary oba adamlaryna daýhan birleşiginiň belent adyna mynasyp zähmet çekmegi sargyt edýärler. Oba zähmetkeşleri bildirilen ynamy aňryýany bilen ödeýärler. Ýylyň-ýylyna borçnamalar artykmajy bilen ýerine ýetirilýär. Daýhan birleşiginiň zähmetkeşleriniň gazanýan üstünlikleri hemmeleriň ünsüni çekýär. Oba zähmetkeşleriniň arasynda ýygy-ýygydan medeni-köpçülik çäreleri guralýar. Meýdan düşelgelerinde teatr artistleri, belli bagşy-sazandalar, estrada aýdymçylary yzygiderli çykyş edýärler. Olaryň göwün göteriji täsirli çykyşlary oba adamlaryny täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar.

Obanyň ýaşuly adamlary oba zähmetkeşleri bilen duşuşmak üçin ýurdumyzyň belli ýazyjy-şahyrlarynyň toparynyň birnäçe gezek bu ýere gelendiklerini süýjülik bilen ýatlaýarlar. Şolaryň arasynda, köplenç, Türkmenistanyň ýazyjylar birleşiginiň şol wagtky başlygy, tanymal ýazyjy Täşli Gurbanow, ýazyjylar birleşiginiň Daşoguz  welaýaty boýunça edebi maslahatçysy Hangeldi Garabaýew, zehinli şahyr Sona Ýazowa, belli metbugat işgäri, publisist Kakabaý Ylýasow, ýomakçy ýazyjy Allanazar Begnazarow dagy bolar eken. Daýhan birleşiginiň şol wagtky başlygy Hudaýberdi aganyň aýtmagyna görä, şol döwürde Dädebaý Hallyýew tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän 1-nji toparyň, Nepes Aşyrowyň ýolbaşçylygyndaky 2-nji toparyň meýdan düşelgelerinde döredijilik işgärleri bilen täsirli duşuşyklar geçirilipdir. Onda ýazyjy-şahyrlar göwün göteriji goşgulary okap, özara henek-ýomak aýdyşyp, zähmetkeş adamlaryň göwünlerini göteripdirler. Magtymgulynyň adyny göterýän daýhan birleşiginiň zähmetkeşleriniň gazanýan zähmet üstünlikleriniň waspy ýetirilip, ýurdumyzyň iri metbugat sahypalarynda yzygiderli beýan edilipdir. Bahar aýlarynda bu ýerde Magtymguly Pyragynyň şygryýet günleriniň uludan, dabaraly ýagdaýda bellenilip geçirilmegi däbe öwrülipdir. Umuman aýdylanda, dana şahyryň ady dakylan daýhan birleşiginde söz sungatynyň jadylaýjy güýji oba adamlarynyň işleriniň ilerlemegine, olaryň täze zähmet üstünliklerini gazanmaklaryna hemişe täsirini ýetirip gelýär. Häzirki döwürde hem söz ussady, Gündogaryň beýik akyldary Magtymgulynyň adyny göterýän daýhan birleşiginiň zähmetsöýer babadaýhanlary oba hojalyk ekinleriniň bereketli hasylyny ýetişdirip, dana şahyryň hatyrasyny, sarpasyny belent tutýarlar, ýurdumyzyň ykdysady taýdan ösüşine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Döwürdeş şahyrlarymyzyň biriniň:

Seýil edip ýakyny, yragy bilen,
Tümlügi böwüsýän çyragy bilen,
Düýşde-de, huşda-da bile ýaşaýan,
Ruhy seždegähim Pyragy bilen —

diýip, beýik şahyryň her bir adamyň durmuşynda, ruhy dünýäsinde müdimi orun alandygyny nygtaýşy ýaly, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň görnükli nusgawy şahyrlarymyzyň ýene-de biri Keminäniň adyny göterýän geňeşliginiň çäginde ýerleşýän Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň agzybir zähmetkeşleri Magtymguly Pyragyny özleriniň ruhy seždegähleri hasaplaýarlar. Olary Pyragynyň paýhas çyragy täze-täze üstünliklere ruhlandyrýar.

Meňzeş habarlar

Medeniýet Teatryň toý sowgady
04.09.2023   42
Medeniýet Nusgawy edebiýatda bedewiň waspy
06.05.2024   71
Medeniýet Owazy äleme doldy dutaryň!
14.09.2023   31
Medeniýet Gültahýa
31.07.2024   32
Medeniýet Beýik şahyryň syrly dünýäsi
27.05.2024   41
Medeniýet Jöwen diňi
20.11.2022   305
Medeniýet Halypany hatyralap
13.04.2024   59
Medeniýet Magtymgululy gürrüňler
15.04.2024   54
image