Garaşsyzlyk türkmeniň buýsançly bagtydyr. Ýurdumyz özbaşdaklyk ýoluna düşen ilkinji gününden başlap, halkymyzyň taryhy tejribesinde toplanan parahatçylyk söýüjilik, asudalyk, dostlukly gatnaşyklara eýerýän goňşuçylyk ýörelgelerinden ugur almak bilen, döwlet syýasatynyň binýadyny goýdy. Netijede, Garaşsyz Türkmenistan içeri we daşary syýasatyny özbaşdak alyp barmak bilen, halk hojalygyny düýpli özgertmäge hem-de dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge başlady.
Watanymyz bu gün dünýäniň halkara syýasy giňişliginde özüniň ornuny barha pugtalandyrýar. Türkmen halkynyň öňe sürýän başlangyçlary dünýä döwletleri tarapyndan biragyzdan goldanylýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy esasynda 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda taryhy Kararnama biragyzdan kabul edildi. Dünýäniň 86 döwletiniň bu taryhy Kararnamanyň awtordaşy bolup çykyş etmegi ata Watanymyzyň halkara giňişligindäki abraý-mertebesiniň beýikdiginiň güwäsidir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüşiň täze belentliklerine tarap öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ähli ugurlar babatda uly ösüşleri gazanýar. Döwlet Baştutanymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty has-da berkeýär, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, netijeli işler amala aşyrylýar, daşary syýasatda ýokary sepgitlere ýetilýär.
Muňa döwletimiziň syýasatda, ykdysadyýetde, ylym-bilim, saglygy goraýyş, sport we medeniýet ulgamlarynda ýeten derejeleri hem aýdyň şaýatlyk edýär. Ýurdumyzda ýaşlaryň jemgyýetde mynasyp orny eýelemekleri, köpçülikleýin çärelere işjeň gatnaşmaklary we saýlap alan ugry boýunça kämilleşmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Döwrebap bilimlerden habarly ýaş hünärmenler ýurdumyzyň geljekki ösüşleriniň, ykdysady kuwwatynyň artmagynda möhüm wezipeleri ýerine ýetirýärler. Türkmen ýaşlary ýurduň syýasy durmuşyna hem işjeň gatnaşýarlar.