Halkymyzyň jebisliginiň nyşany
weather dashoguz 18° C Daşoguz

Halkymyzyň jebisliginiň nyşany

Jemgyýet
20.08.2026  57

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabyndaky pagta egriji fabrikde «Halk Maslahaty — Türkmenistanyň milli jebisliginiň nyşany» ady bilen dabaraly maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, TDP-niň etrap komitetiniň işjeň agzalary, dürli ugurlarda zähmet çekýän adamlar, ýaşuly nesliň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatda çykyş edenler şu ýylyň 23-nji sentýabrynda geçiriljek Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň jemgyýetimiziň agzybirligini, jebisligini, döwletimiziň hukuk binýadyny berkitmekdäki ornunyň örän uludygy, bu taryhy mejlisiň diňe döwlet ähmiýetli çözgütleriň kabul edilýän forumy bolman, eýsem, halkymyzyň köpasyrlyk geňeşmek — maslahatlaşmak ýörelgeleriniň mynasyp dowam etdirilýändiginiň dabaralanmasyna öwrüljekdigi, onda kabul ediljek çözgütleriň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga hyzmat etjekdigi bilen has-da gymmatlydygy barada bellediler.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Kanunlar kämilleşdirilýär
16.01.2026   147
Jemgyýet Awaza dost-doganlygyň mesgeni
29.08.2025   240
Jemgyýet Döwletliligiň binýady
10.08.2026   65
Jemgyýet Şanly ýylyň şanyna
22.02.2023   453
Jemgyýet Pyragynyň arzuwlan zamanasynyň waspy
21.02.2023   438
image