Daşoguz welaýatynda ýaşaýyş jaý we desgalar toplumy açylyp ulanmaga berildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda adam hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biridir. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda giňden bellenilýän Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda Daşoguz şäherinde täze ýaşaýyş jaý we desgalar toplumynyň açylyş dabarasy uly ruhubelentlige beslendi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 27-nji maýyndaky degişli Kararyna laýyklykda, Daşoguz şäheriniň çäginde 1496 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaý we desgalar toplumy bina edildi. Onuň çäginde 70 sany 4 gatly ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, orta mekdep, çagalar bagy, saglyk, söwda merkezleri ýerleşýär. Şäheriň günorta böleginde bina edilen ýaşaýyş jaýlarynda müňlerçe maşgalanyň bagtyýar we abadan durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertler döredilipdir. Toplumyň çäginde çagalar oýun meýdançalary, awtoduralgalar hem ýerleşdirilipdir.
Şanly toýuň — Halkara Bitaraplyk gününiň giňden bellenýän günlerinde täze ýaşaýyş jaý we desgalar toplumynyň ulanmaga berilmegi şäheriň ýaşaýjylary üçin ajaýyp toý sowgadyna öwrüldi. Dabara gatnaşyjylar, ilki bilen, bu ýerde aýdym-sazly çykyşlara tomaşa etdiler.
Soňra bu ýerde gutlag sözi bilen Daşoguz şäheriniň häkimi Nurnazar Handurdyýew, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Baýrammyrat Allanazarow, mährem ene Ogulboldy Amanýazowa we täze jaýlara eýe bolan bagtyýar raýatlar çykyş etdiler. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, şanly ýylymyzyň taryhy wakalarynyň birine öwrülen bu täze toplum halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir. Bu günki ýaşaýyş jaý we desgalar toplumy hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ajaýyp şygarynyň durmuş hakykatyna öwrülýändiginiň aýdyň nyşany boldy. Şeýle hem bu ýerde täze jaýlaryň açarlaryna eýe bolan ildeşlerimiz özleriniň ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.
Ýaşaýyş jaý we desgalar toplumynyň gurluşygynda yhlasly zähmet çeken gurluşykçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar gowşuryldy. Al-asmana uçurylan dürli reňkli şarlar halkymyzyň kalbyndaky alkyşlar deýin gyşyň ak asmanyny bezedi.
Soňra dabara gatnaşyjylar täze ýaşaýyş jaý toplumyna aýlanyp gördüler. Ýeri gelende bellesek, açylyş dabaralary mynasybetli bu ýerde türkmen toýlary ýaýbaňlandyryldy. Täze ýaşaýyş jaý toplumynyň çäginde gelin toýy, saç toýy ýaly milli toýlarymyz aýdym-sazly çykyşlar bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirdi. Milli däplerimiz esasynda ýaýbaňlandyrylan çykyşlarda ajaýyp döwrümiziň, ata Watanymyzyň beýik ösüşlerine bolan buýsanç joşgunly beýan edildi. Toplumyň çäginde çagalar üçin niýetlenen oýun meýdançalarynda bagtyýar nesilleriň oýun oýnaýan pursatlary toý şatlygyny has-da belende göterdi.
Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň halkymyza toý sowgady bolan ähli amatlyklary bolan döwrebap öýleriň birine baryp gördüler. Milli däplerimiz esasynda garşylanan myhmanlar öý eýelerini täze jaýlary bilen gutladylar. Döwrebap ýaşaýyş jaýynyň eýesi bu ýerde döredilen amatlyklar bilen myhmanlary tanyşdyrdy. Ýaşaýyş jaýlary 3 we 4 otagly bolup, olarda çagalar we ulular üçin ähli şertler göz öňünde tutulandyr. Giň we ýagty otaglarynyň bezemen keşbi bilen gözleri dokundyrýan jaýlaryň aşhanalarynda taýýarlanylýan milli tagamlar myhmanlara hödür edildi. Soňra bu ýerde täze orta mekdebiň hem-de çagalar bagynyň açylyş dabaralary boldy. 160 orunlyk çagalar bagynda körpeleriň terbiýelenmegi üçin ähli şertler döredilipdir. Bu ýerdäki oýun meýdançalary, çagalar bagynyň döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan okuw we dynç alyş otaglary myhmanlarda aýratyn uly täsir galdyrdy. Çagalar bakja-bagynyň çäginde şadyýan çagajyklaryň gülki sesleri bilen sazlaşýan aýdym-sazly çykyşlarda ajaýyp döwrümiz, bagtyýar çagalyk joşgunly wasp edildi. Bagtyýar körpeler özlerine şeýle döwrebap çagalar bagyny sowgat berendigi üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.
Soňra toplumyň çäginde ýerleşýän 600 orunlyk orta mekdep myhmanlary aýdym-sazly çykyşlar bilen garşylady. Myhmanlar mekdebiň çäginde bina edilen desgalar bilen ýakyndan tanyşdylar. Okuw otaglary kompýuter we multimedia enjamlary bilen doly üpjün edilipdir. Şeýle hem mekdebiň çäginde sport zaly, naharhana, sport meýdançalary we beýleki kömekçi desgalar bina edilipdir.
Ýaşaýyş we desgalar toplumynyň çäginde ýerleşýän saglyk merkezi hem ýurdumyzda adam saglygy hakyndaky aladanyň döwletimiziň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi. Saglyk merkezinde hem halkymyza ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmek üçin amatly şertler döredilipdir. Saglyk merkezinde rentgen, barlaghana, hirurgiýa, dogrum, fiziobejergi, antenatal, sanjym otaglary we beýleki lukmançylyk otaglary ýerleşip, olar döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilipdir. Ýeri gelende bellesek, bu saglyk merkezinde Italiýa döwletinde öndürilen «Italraý» kompaniýasynyň mammograf enjamy welaýatymyz boýunça onkologiýa hassahanasynda hem-de şu saglyk merkezinde ýerleşdirilendir.
Toplumyň çäginde ýerleşdirilen söwda merkezinde ilata söwda hyzmatlaryny ýerine ýetirmek üçin ähli mümkinçilikler bar. Bu ýerde ýerleşdirilen söwda nokatlarynda halkyň sarp edýän önümleri, hojalyk harytlary we beýleki durmuş hyzmatlary göz öňünde tutulandyr.
Täze ýaşaýyş jaý toplumynda ýaşamak, işlemek bagty miýesser eden ildeşlerimiz şeýle ajaýyp toý sowgady üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini beýan edýärler.
Dabaralar tamamlanandan soňra «Bagt köşgi» toý-dabaralar merkezinde toý sadakasy berlip, onda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegi dileg edildi. Il alkyşy bolsa döwlet berkararlygynyň, ýurt abadançylygynyň kepilidir.